ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 11-nji awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna ABŞ-da C5 + 1 görnüşinde (ABŞ + Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurdy) geçiriljek duşuşyga gatnaşmak üçin çakylyk iberdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri “Forbes” neşirine salgylanyp habar berýär.
Baýdeniň Özbegistanyň prezidentine iberen hatynda aýdylmagyna görä, ABŞ Mirziýoýewiň syýasy we ykdysady özgertmeleri geçirmek barada edýän tagallalaryny goldaýar.
“Mundan başga, biz şu ýylyň başynda siziň gyzyňyz Saidany Ak tamda garşylamak mertebesine eýe bolduk. Onuň tutumy we siziň jyns esasly zorluk, maşgaladaky zorluk üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek kararyňyz öwgä mynasyp" diýip, ABŞ-nyň prezidenti ýazýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler 19 ýa-da 20-nji sentýabrda geçiriler, oňa gatnaşyjylar howpsuzlyk, ykdysady we daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar diýip, habarda aýdylýar.