Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÖB Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseldýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Aziýanyň Ösüş Banky (ADB) Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň şu ýyldaky ösüşi barada aprel aýynda eden çaklamasyny üýtgedip, 6,5% bolanlygyndan 6,2%-e çenli peseltdi diýip, “Interfaks” Aşgabatdan habar berýär.

Neşir bu habary bankyň sentýabr aýyndaky hasabatyna salgylanyp çap etdi.

Ýöne bank ýurduň jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylda 6% ösjekdigi baradaky garaýşyny öňki durkunda saklady.

Şol bir wagtda, AÖB inflýasiýa baradaky çaklamasyny gowulandyrdy, ýagny aprel aýyndaky synynda 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistandaky inflýasiýanyň 10% boljakdygyny aýdan bolsa, indi bu çaklamany 8% -e çenli peseltdi.

Synçylar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasan energiýa eksportyndan gelýän girdejilere daýanýandygyny, oba hojalygynyň çökerilendigini we ilatyň aglaba köplüginiň hor ýaşaýandygyny, milli manadyň hümmetiniň ýyl-ýyldan peselýändigini aýdýarlar.

Abraýly halkara guramalary Türkmenistanyň berýän resmi sanlaryndaky ösüş görkezijilerine köplenç ygtybarly maglumat hökmünde garamaýarlar.

XS
SM
MD
LG