Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ärim meni urýar". Zorluga sezewar bolýandygyny polisiýa habar beren aýal ertesi öli tapyldy

Dinara Mynbaýewa öz toýunda. Ol 2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda düşnüksiz ýagdaýlarda aradan çykdy.
Dinara Mynbaýewa öz toýunda. Ol 2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda düşnüksiz ýagdaýlarda aradan çykdy.

Garagandaly 28 ýaşly Dinara Mynbaýewa ölüminden birnäçe sagat öň polisiýa jaň edip, kömek sorap ýalbardy. Operatoryň “Näme boldy?” diýen sowalyna ol: “Ärim meni urýar” diýip jogap berdi. Ertesi ýaş aýal aradan çykdy. Onuň ölüminiň ýagdaýlary henizem düşnüksiz.

102 gullugyna jaň edilenden soň, polisiýa işgärleri Dinara Mynbaýewanyň öýüne gelip, onuň ärini sakladylar. Üç sagatdan soň bolsa ony boşatdylar.

Derňew materiallaryna görä, ertesi Dinaraň jansyz jesedini äriniň dogany tapdy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň ygtyýaryna düşen resminamalarda, irden sagat onuň ýary töwereginde gaýyninisiniň oýanyp, hajathana baranda gelnejesiniň jesedini görendigi aýdylýar. Gaýyninisiniň görkezmelerine görä, ol jesedi pola ýatyryp, polisiýa we uly doganyna jaň edipdir.

Dinaraň äri derňewde bir gün öň är-aýalyň arasynda dawa turandygyny aýdypdyr. “Dinara ilki meni urdy, men gaharlanyp, men hem ony urdum” diýip, ol görkezme beripdir. Şondan soň aýaly polisiýa jaň edipdir we erkek adam saklanypdyr. Ol birnäçe sagat polisiýa bölüminde bolup, soň öýüne gaýtman, dostunyň ýanyna gidipdir. Onuň aýtmagyna görä, ertesi gün günortana golaý kiçi dogany jaň edip, Dinaraň öz janyna kast edendigini aýdypdyr. Işiň materiallarynda onuň öýüne gelensoň Dinara ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge synanyşandygy aýdylýar.

Gapma-garşy görkezmeler

Işdäki görkezmelerde biri-birine gabat gelmeýän maglumatlar bar. Dinaraň äri kiçi jigisiniň özüne takmynan günortan jaň edendigini aýdypdyr. Emma goňşusy ony sagat 10:30-da öýde görendigini aýdýar. Goňşynyň görkezmesinde: “Dinaraň äri onuň ýüregine massaž edýärdi” diýilýär. Merhumyň gaýyninisi hem dogany bilen sagat 10:30-da habarlaşandygyny aýdypdyr.

Dinara Mynbaýewa. Maşgala arhiwinden alnan surat.
Dinara Mynbaýewa. Maşgala arhiwinden alnan surat.

Dinaraň hossarlary derňewiň birtaraplaýyn alnyp barlandygyny aýdýarlar. Olar öz janyna kast etmek baradaky wersiýa şübhelenýärler. Äri bilen dawa eden güni Dinara ejesi bilen habarlaşyp, äriniň özüni urandygyny we aýrylyşmak isleýändigini aýdypdyr. Ejesi irden gelip, ony alyp gitjekdigini wada beripdir.

Merhumyň gyz jigisi Asel Turdykulowa Dinaraň psihologiki taýdan ejiz adam bolmandygyny aýdýar. “Ol öň hem kynçylyklary başdan geçiripdi, onda näme üçin şol wagt ölmedi? Ol öň hem ony urýardy, Dinara çydap gelýärdi. Ölmek isleýän adam aýrylyşmak üçin arza berjekdigini we gidjekdigini aýtmaz. Şeýle adam üçin ähli zat gyzyksyz bolýar. Üstesine-de, ol özi polisiýa jaň edip, kömek sorady” diýip, uýasy ynam bilen aýdýar.

Derňew jesedi ýuwan adamlary hem sorag edipdir. Iş materiallarynda görkezilişine görä, olar ýüzüniň çep tarapynda, gulagynyň golaýynda we maňlaýynda gögeren ýerleri görüpdirler. Aseliň aýtmagyna görä, maşgalany ölümden soň jesetde merhum tegmilleriniň peýda bolup biljekdigine ynandyrypdyrlar. Emma hossarlary Dinaraň urlandygyny we boglandygyny çaklaýarlar.

Iş näme üçin ýapyldy?

Dinaraň hossarlary soňky dawanyň näme sebäpli başlanandygyny bilmeýärler. Olaryň aýtmagyna görä, Dinara ölenden soň giýewleri olaryň ýanyna bir gezek hem gelmändir we jaň etmändir. Ol olaryň jaňlaryna we hatlaryna-da jogap bermeýär.

Azatlygyň habarçysy Dinaraň ärine jaň etdi. Telefonyň beýleki ujunda žurnalistiň bardygyny eşiden badyna ol jaňy kesdi. Soňky jaňlara we hatlara-da jogap bermedi.

Kazyýet-lukmançylyk seljermesi ölümiň mehaniki asfiksiýa netijesinde ýüze çykandygyny kesgitledi. Emma ekspertler boýnuň nähili we haýsy ýagdaýlarda gysylandygyny anyklap bilmändirler. Derňew iki sany kazyýet-lukmançylyk ekspertizasyny belläpdir, sebäbi ilkinji ekspertiza geçirilende wakanyň bolan ýerinden tapylan gyzyl lenta ekspertlere berilmändir.

Ikinji ekspertizada jesediň özi barlanmandyr; ekspertler fotosuratlary we öň ýygnalan materiallary seljeripdirler. Gyzyl lenta hem barlag üçin ekspertlere berlipdir, emma halka görnüşindäki düwün bolmandyr. Şonuň üçin lentanyň adam agramyny göterip biljek-bilmejekdigi baradaky soraga-da jogap ýok. Ekspertiza boýundaky yzyň şol lenta tarapyndan galdyrylan bolmagynyň mümkindigini inkär etmeýär.

Ölüm fakty boýunça iş Jenaýat kodeksiniň “Öz janyna kast etmäge ýetirmek” maddasy esasynda derňeldi. Aprel aýynda derňew bes edildi. Prokuroryň işi ýatyrmak baradaky kararynda munuň sebäbi hökmünde Mynbaýewanyň öz janyna kast edendigi görkezilýär.

Derňew 105-nji maddada göz öňünde tutulan hereketleriň, ýagny haýbat atmak, rehimsiz daraşmak, yzygiderli kemsitmek ýa-da başga bikanun hereketler arkaly adamy gönüden-göni öz janyna kast etmäge ýetirmek faktlaryny tassyklaýan subutnamalaryň tapylmandygy sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin esas ýok diýen netijä gelipdir.

Dinara Mynbaýewa äri we çagalary bilen.
Dinara Mynbaýewa äri we çagalary bilen.

Hossarlary obýektiw derňew talap edýär

Işi ýatyrmak baradaky kararda Dinaraň äri tarapyndan birnäçe gezek urlandygy hem agzalýar. Muny birnäçe şaýat hem görkezmelerinde tassyklapdyr. Emma derňew edaralary pajygaly waka bilen ondan öňki zorluk ýagdaýlarynyň arasynda gönüden-göni baglanyşyk tapmandyr.

Asel Turdykulowanyň aýtmagyna görä, aklawçy oňa ýagdaýyň giň jemgyýetçilik ünsüni çekmegini we jemgyýetçilik seslenmesini döretmegini ýeke-täk çykalga hökmünde görýändigini aýdypdyr. Aklawçynyň düşündirmegine görä, bu derňewiň gaýtadan başlanmagy üçin zerur.

“Meniň we maşgalamyň ýeke-täk talabymyz bar: biz anyk, obýektiw we hemmetaraplaýyn derňew geçirilmegini isleýäris. Baş prokuraturadan we Içeri işler ministrliginden bu meseläni gözegçilige almagyny soraýarys. Talabymyz şu. Äri-de, gaýynenesi-de oňa el galdyrýardylar, ony kemsidýärdiler. Meniň uýam öldi, olar bolsa hiç zat bolmadyk ýaly ýaşap ýörler. Ertir ol başga birine öýlener, şeýle adamlar başga biriniň hem durmuşyny bozup biler. Şonuň üçin men onuň jezalandyrylmagyny isleýärin” diýip, Asel Turdykulowa aýdýar.

Dinaraň hossarlarynyň şikaýatlaryndan soň, awgust aýynda iş ýene-de öz janyna kast etmäge ýetirmek maddasy boýunça gaýtadan gozgalypdyr.

Garaganda welaýatynyň derňew müdirliginiň başlygynyň orunbasary W.W. Tokarew Azatlygyň soragyna şeýle jogap berdi: “Jenaýat işi bilen baglanyşykly wakanyň ähli ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we obýektiw anyklamak, şol sanda öz janyna kast edilmegine ýardam edip biljek sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak üçin zerur derňew hereketleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, kazyýete çenli derňewiň gidişi we netijeleri barada goşmaça maglumat bermek mümkin däl”.

Dinara Mynbaýewa çagalary bilen.
Dinara Mynbaýewa çagalary bilen.

Redaksiýa polisiýadan we prokuraturadan Dinaraň äri saklanandan soň oňa garşy nähili çäreleriň görülendigini we näme üçin onuň üç sagatdan soň boşadylandygyny hem sorady. Döwlet edaralary bu sowaly jogapsyz galdyrdylar.

Merhumyň üç we bir ýaşyndaky iki çagasy galdy. Häzirki wagtda olar kakasynyň hossarlygynda.

Bu maglumat şunuň bölegidir
​
XS
SM
MD
LG