Türkmen metbugaty Aşgabat şäher häkimliginiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň — türkmen futbol topary “Arkadag” bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky oýnuň petekleriniň onlaýn arkaly satylyp başlanandygyny habar berýär.
Petekleri şäher häkimliginiň resmi internet sahypasyndan, şeýle-de “Sanly şäher” mobil goşundysy arkaly satyn almak mümkin. Petekleriň bahasy oýun meýdançasyndaky orunlaryň ýerleşişine we sektorlaryna görä kesgitlenýär.
Her bir petek aýratyn QR-kod bilen üpjün edilip, ony satyn alan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyna baglanylýar. Oýun meýdançasyna gelen janköýerler petekde görkezilen maglumatlara laýyk gelýän pasporty ýa-da dogluş şahadatnamasyny görkezmeli.
"Turkmenportal" neşiri Aşgabat şäher häkimliginiň web saýty arkaly satylýan biletleri onlaýn arkaly satyn almak mümkinçiligini düşündirýän gözükdiriji çap etdi.