Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşa sowuk howa sebäpli Owganystanda we Pakistanda onlarça adam heläk boldy


Owganystanyň Gazni welaýatyna düşen gar. Fewral
Owganystanyň Gazni welaýatyna düşen gar. Fewral

Owganystanda we Pakistanda ýagan agyr gar we ýagyş sebäpli azyndan 80 adam heläk boldy. Aşa sowuk howa iki ýurtda hem howsala döretdi.

Soňky günleriň dowamynda ençeme sebite gelen suw joşmalary ýaşaýjylary öýlerini terk etmäge mejbur etdi. Daglyk regionlarda aýazly howa we ýeriň süýşmegi netijesinde, möhüm magistral ýollar petiklendi.

Häzirki aşa sowuk howadan ozal, gyş pasly adaty bolmadyk maýyl ýagdaýda geçipdi.

5-nji martda Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Şehbaz Şarif, suw joşmalaryndan ejir çeken, günortadaky Gwadar şäherine baryp gördi.

Ýerli resmileriň maglumatyna görä, suw joşmalary sebäpli bäş adam ölüpdir, şeýle-de Gwadar we golaýdaky Jiwani we Pasni şäherlerinde 3 müň 200 jaý weýran bolupdyr.

Şarif saparynyň dowamynda tebigy harasatdan ejir çekenleri maliýe, çadyr we azyk ýaly serişdeler bilen üpjün etdi.

Bu sebitden 1 müň km uzaklykdaky, demirgazyk-günbatardaky daglyk Khyber Pakhtunkhwa welaýatynda, ýagyş we gar sebäpli azyndan 40 adam öldi, başga-da 62-si şikeslendi. Bu barada welaýatyň halas ediş gulluklary habar berdi.

XS
SM
MD
LG