Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabada täze prokuror bellendi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nedirguly Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisininiň geçirilen wagtyna gabat gelen kararyň “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda kabul edilendigi aýdylýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işlerine seredilendigi aýdylýar, emma hiç bir anyk maglumat berilmeýär.

Mundan öň ýurduň ozalky baş prokurorynyň we Aşgabat şäheriniň ozalky prokurorynyň, ilki wezipelerinden boşadylyp, soň tussag edilendigi mälim boly.

Aşgabadyň prokurory Öwezmämmet Şyhmämmedowyň tussag edilendigini ilkinji bolup turkmen.news neşiri habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň verli çeşmesi bu maglumaty tassyklap, Şyhmämmedow tussag edilmezinden öň onuň öňki başlygynyň, Türkmenistanyň baş prokurory wezipesinden boşadylan Serdar Mälikgulyýewiň hem tussag edilendigini aýtdy.

Emma türkmen häkimiýetleri syzyp çykan habarlara hiç bir düşündiriş bermedi.

Türkmenistanda soňky onýyllyklarda onlarça hukuk goraýjy işgär, howpsuzlyk işgäri tussag edildi, olaryň käbiri tussaglykda aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG