Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ilçisi Kamboja bilen aradaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegi teklip edýär


Türkmenistan syýahatçylyga bagyşlanan sergileri gurnap, şol bir wagtda-da syýahatçylara wiza ýeňilliklerini döretmekden saklanmagyny doam etdirýär.
Türkmenistan syýahatçylyga bagyşlanan sergileri gurnap, şol bir wagtda-da syýahatçylara wiza ýeňilliklerini döretmekden saklanmagyny doam etdirýär.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky we Kamboja patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Aşgabat bilen Kamboja patyşalygynyň arasynda göni uçar gatnawlaryny ýola goýmak niýetini mälim etdi, maksat iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny berkitmek diýip, Thestar neşiri 16-njy awgustda habar berdi.

Bu maglumat türkmen ilçisiniň 14-nji awgustda Pnompende Malaýziýanyň syýahatçylyk ministri Thong Khon bilen bolan duşuşygyna esaslanýar.

Maşalow bu duşuşykda Türkmenistanyň patyşalyk bilen göni uçar baglanyşyklaryny ýola goýan ilkinji merkezi aziýa döwleti bolmak isleýändigini aýdypdyr.

"Biz özara syýahatçy alyş-çalyşlaryny ösdürmek üçin öz ýurtlarymyzyň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýäris" diýip, ol Türkmenistanyň patyşalygyň esasy syýahatçylyk merkezleriniň birine, Siem Reap sebitine göni uçar gatnawyny ýola goýmagy maksat edinýändigini hem sözüne goşdy.

Eger bu niýet başa barsa, Aşgabadyň ýola goýan täze uçar gatnawy türkmenistanlylaryň we goňşy ýurtlaryň syýahatçylarynyň Angkory, dünýä belli miras mekanyny we Kambojanyň beýleki görnükli ýerlerini görmeklerine mümkinçilik berer diýip, habarda bellenýär.

"Biznes Türkmenistan" neşiriniň Kamboja patyşalygynyň Syýahatçylyk ministrliginiň hasabatyna salgylanyp ýazmagyna görä, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Kamboja 2,58 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi we ýurda ýyl ahyryna çenli takmynan 5 million daşary ýurtly syýahatçynyň gelmegine garaşylýar. Emma habarda Türkmenistana gelýän syýhatçylaryň sany barada hiç zat aýdylmaýar.

Ilatynyň hereket azatlygyny çäklendirmekde we daşary ýurtlar bilen aradaky wizaly gatnaşyklary berkitmekde tanalýan Aşgabadyň birden Kamboja patyşalygy bilen arada göni uçar gatnawyny açyp, syýahatçylygy ösdürjek bolmagynyň sebäbi belli däl.

Metbugat habarlaryna görä, türkmen hökümeti syýahatçylygyň ösdürilmegine uly üns berýär, ýöne Türkmenistanyň syýahatçy wizasyny almagyň kyn bolmagynda galýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG