Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda adam hukuklary maslahatlaşyldy, anyk gürrüň edilmedi


Bezezg suraty.
Bezezg suraty.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek baradaky pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Habarda nygtalmagyna görä, ýurduň adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmek bu toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

Mejlisde toparyň şu ýylyň alty aýyndaky işiniň, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar.

Şeýle-de, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, mejlisiň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri, möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Maglumat üçin aýdylsa, ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili şu aýyň başynda Aşgabada sapar edip, häkimiýetleri metbugat azatlygy boýunça öz üstlerine alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy. Emma berk döwlet senzurasy astynda işleýän türkmen metbugaty bu hili çagyryşlar barada habar bermeýär.

XS
SM
MD
LG