Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çagalar baradaky maglumatlar binýadyny gowulandyrmagyň maslahaty edildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen alternatiw ugurda we howandarlykda bolan çagalar baradaky administratiw maglumatlaryň maslahatyny etdiler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Maslahata döwlet edaralarynyň we bölümleriniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, şeýle-de Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdy.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Adrian Salliwan maslahatda çykyş edip, goldawa mätäç çagalar üçin alternatiw hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmegiň, iň zerur bähbitleri göz öňünde tutup, zerur maglumatlar binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy diýip, “Türkmenistan Altyn Asyr” anyklaşdyrmazdan habar berýär.

ÝUNISEF-iň halkara bilermeni Joanna Rojersiň, guramanyň Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölüminiň hünärmeni Ýekaterina Spasowanyň gün tertibindäki esasy meseleler barada çykyş edendigi aýdylýar, başga maglumat berilmeýär.

Maslahatda alternatiw ideg düşünjesi we onuň häsiýetnamalary, milli we pudaklaýyn derejedäki degişli baha beriş mehanizmleri, şeýle-de TransMonEE-de hasabat bermek barada hem gürrüň edilipdir.

TransMonEE, habarda bellenmegine görä, sebitiň milli statistika bölümleri tarapyndan çagalaryň hukuklary we abadançylygy bilen baglanyşykly maglumatlaryň ýaýramagyny, hilini, elýeterliligini we ulanylyşyny gowulandyrmak üçin bilelikdäki başlangyç bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylar goldawa mätäç çagalar üçin maglumat dolandyryş ulgamlaryna baha bermek we alternatiw hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmek, degişli maglumatlar binýadynyň gowulaşmagyna goşant goşmak barada pikir alyşdylar.

XS
SM
MD
LG