Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy 7 manatdan geçdi


Aşgabatda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy 7 manatdan geçdi.

Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy 7 manatdan hem geçdi. Häzirki wagt paýtagtda bir dollar 6,40-6,60 manada satyn alnyp, 7,20-7,40 manada satylýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň satuwy resmi taýdan ýatyryldy. Munuň netijesinde häzirki wagtda adamlar dollary diňe “gara bazardan” satyn alyp bilýärler.

Soňky hepdelerde Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy barha ýokarlanýar. ‘Gara bazardaky’ söwdagärler munuň sebäbini ýurtda dollar gorunyň barha azalmagy bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosy dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhynyň barha ýokarlanmagy we munuň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Aşgabatda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy 7 manatdan geçdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:12 0:00

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG