Aşgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde hünärmenleriň el işleriniň ýarmarkasy geçirildi diýip, TDH 21-nji awgustda habar berdi.
“Ussatlaryň ýarmarkasy” diýlip atlandyrylan bazaryň başlygy, dizaýn telekeçisi Jeren Gylyjowanyň aýtmagyna görä, onuň toparynyň hünärmenleriniň önümleriniň Gürjüstanyň, Rumyniýanyň we Türkiýäniň sergilerine we ýarmarkalaryna hem gatnaşypdyr.
Üç günlük ýarmarkada 25 stoluň üstünde dürli önümler ýerleşdirilip, alyjylara hödürlenipdir.
Neşir el işini satýanlaryň biri, 13 ýaşly Şirin Artykowanyň satuwa çykarna söwda haltalary barada gürrüň berýär. “Polietilen haltalaryň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa söwda torbalaryny kir ýuwýan maşynlarda hem ýuwup bolýar” diýip, habarda aýdylýar.
11 ýasyndaky Wera Jangarýan bolsa bu sergä ejesi bilen gatnaşypdyr.
Tanymal suratkeş Klawdiýa Durdyýewa ýarmarka öz çeken suratlaryny getirdi we onuň bu sergidäki esasy buýsanjy gyzy Maýa Saparowa we agtygy Gurbangül boldy, 8 ýaşyndaky Gurbangül “Ussatlaryň ýarmarkasyna” gatnaşýan iň ýaş gatnaşyjy bolsa gerek diýip, habarda eneli-gyzyň we agtygyň ýarmarka içerki bezeg önümlerini getirendigi habar berilýär.
Şeýle-de, ýarmarkadan düşürilen suratlar bilen bezelen habarda Irina Babiçenkonyň we Lýudmila Babaniýazowanyň ýasan oýnawaçlary hakynda gürrüň berilýär.
Aşgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi paýtagtyň az sanly gurply adamlarynyň, daşary firmalarynyň we guramalarynyň işgärleriniň söwda edýän ýeri bolup, ol ýerde ilatyň aglaba köplüginiň söwda edip bilmeýändigi habar berilýär.