Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda türkmen, özbek we täjik prizidentleriniň sammiti geçiriler


Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat
Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat

Awgust aýynyň başynda Aşgabatda üç merkezi aziýa ýurdunyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň prezidenteriniň - Serdar Berdimuhamedowyň, Şawkat Mirziýoýewiň we Emomali Rahmonyň ýokary derejeli gepleşikleri geçiriler.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, bu ýurtlaryň daşary işler ministrleri Reşit Meredow, Bagtyýor Saidow we Sirojiddin Muhriddinow dagy 26-njy iýulda wideo arkaly duşuşyp, bu sammiti geçirmek üçin görülmeli çärleri maslahatlaşdylar.

Diplomatlar programmanyň taslamasy, ýetip gelýän ýygnagyň gün tertibi we sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda sebit çägindäki hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy.

XS
SM
MD
LG