Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara guraldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

17-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

“Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýylyna syn bermek üçin özboluşly meýdança öwrüldi diýip, TDH ýurduň bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde türkmen halkynyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýändigini belleýär.

Şanly sene mynasybetli guralan sergide Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, milli halk senetçiliginiň eserleri, halylar, bezeg önümleridir saz gurallary görkezildi. Şeýle-de, ýurduň beýleki ýazyjy-şahyrlary agzalman, sergide türkmen Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine aýratyn orun berlendigi aýdylýar.

Maslahatdaky çykyşlarda öňki prezidentiň başyny başlan asylly işleriniň Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG