Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana we Daşkent seýrek ýer metallary ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Astanada Gazagystan bilen Özbegistanyň seýrek we seýrek ýer metallarynyň geologiýasy we gazyp almak boýunça işçi toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministriniň orunbasary Iran Şarhan we Özbegistanyň dag-magdan senagaty we geologiýa ministriniň orunbasary Rustam Ýusupow ýolbaşçylyk etdi diýip, Gazagystanyň Senagat ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar seýrek ýer metallaryny gözlemek, gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Tehnologiýa we tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary başlamak, maýa goýumlaryny çekmek we çig mallary gaýtadan işlemegi ösdürmek hakynda maslahat edildi.

Gepleşiklerden soň işewürleriň, ylym we bilim edaralarynyň wekilleriniň çekilmeginde, hemişelik iş toparyny we ýöriteleşdirilen kiçi toparlary döretmek barada ylalaşyga gelindi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG