Aşyrbaý Bekiýewiň Türkmenistana deportasiýa edilmegi: Hukuk goraýjylar ony tapyp bilmeýär
Häzir Aşyrbaý Bekiýew nirede? Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň haýyşy boýunça, Russiýadan çykarylan türkmen raýatynyň nirede saklanýandygyny aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar düşündirip bilmeýärler. Soňky gezek Bekiýew aeroportuň uçara münüş zonasynda görlüpdir. Öz ýurdunda dini sebäplere görä yzarlanýan Türkmenistandan bolan bosgun Aşyrbaý Bekiýew 30-njy awgustda, agşamara Moskwadan Aşgabada deportasiýa edilýär. Bu barada “Ynsan hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy” habar berdi. Bekiýew rus häkimiýetleriniň özüni sürgün etmek baradaky kararyna garşy çykmak üçin, sekiz ýyldan bäri tagalla edýärdi. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Türkmenistanda Bekiýewiň ykbaly barada çynlakaý alada bildirýärler. Wideo: "Migrant Media"
Epizodlar
-
Iýun 24, 2026Emeli aň we döwlet gözegçiligi
-
Iýun 22, 2026Jebir gören şahyry iline ‘getirmedik diwarlar’
-
Iýun 12, 2026Türkmenabatda töleg terminallary 'talanýar'
-
Aprel 29, 2026Türkiýe: Migrant zenanlara abanýan howplar