Sadbarg we onuň adamsy täze doglan çagalaryna Taýeba adyny dakjak bolanda, olar gyzlaryna diňe onuň mamasynyň adyny dakýandyklaryny pikir etdiler.
Munuň deregine, olar soňky ýyllarda täjik häkimiýetleriniň bölünişik döredýän we açyk yslam däplerini arassalamak üçin alyp barýan kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde pars kökli we watançylykly atlaryň mahabatlandyrylmagyna şaýat bolan täjik at dakmak oýnunyň iň soňky tapgyryna gadam basdylar.
Sadbarg we onuň adamsy täze doglan çagalaryny hasaba aldyrmak üçin ýerli raýat bellige alyş edarasyna baranlarynda, resmi adam dogluş şahadatnamasyny bermekden ýüz öwürdi we çagalarynyň adynyň hökümet tarapyndan tassyklanan takmynan 4000 adyň sanawynda ýokdugyny aýtdy. Bu waka, häkimiýetleriň täjik milli atlarynyň sanawynyň täzeden gözden geçirilýändigini, atlaryň tas ýarysynyň - köpüsi arap - aýryljakdygyny yglan eden mahalyna gabat geldi.
“Eger dogluş şahadatnamasyny derrew almak islesek, sanawdan başga at saýlamalydygymyz aýdyldy” diýip, Sadbarg aýtdy. “Hasaba alýan edaranyň wekili gyzymyza Taýeba adyny dakmagy talap etsek, rugsat almak üçin [döwlet] Dil komitetine ýüz tutmalydygymyzy düşündirdi” diýip, ol sözüne goşdy.
Ýurduň demirgazyk sebiti Sughdyň ýaşaýjysy we diňe adyny berip, familiýasyny aýtmakdan saklanan Sadbarg maşgalasynyň Duşenbedäki häkimiýetleriň karar çykarmagyna birnäçe hepde garaşyp bilmeýändigi üçin sanawdan Anisa adyny saýlandygyny aýtdy. Maşgala Russiýada migrant işçi bolup işleýän adamsynyň ýanyna göçmäge taýýarlanýar.
Täze doglan çagalaryň atlaryny resmi taýdan hasaba aldyrmak düzgüni ilkinji gezek on ýyl mundan ozal girizildi we şondan bäri birnäçe gezek gaýtadan işlenip düzüldi.
Döwlet Dil we terminologiýa komitetiniň ýokary derejeli işgäri Dilowar Karimow gaýtadan işlenen sanawyň hökümet tarapyndan fewral aýynda tassyklanandygyny we çap etmek üçin iberilendigini aýtdy. Ol onuň haçan çap ediljekdigini anyk aýtmady.
Kearimow aýtmagyna görä, komitet öňki 4056 atdan ybarat bolan sanawdan 1745 ady aýyrdy we oňa resmiler tarapyndan täjik dilinde kök uran we gadymy pars medeni mirasyna degişli bolan “owadan Arian atlary” diýlip atlandyrylýan 965 sany täze ady goşdy.
Hökümet bu kampaniýanyň täjik medeniýetini we däp-dessurlaryny wagyz edýändigini, şol bir wagtyň özünde “gaýry milletleriň” täsirlerine garşy göreşýändigini aýdýar.
Emma täjikleriň köpüsi bu çäreleriň aglabasy musulmanlardan ybarat we 10 milliondan gowrak ilaty bolan ýurtda barha meşhur bolýan yslam däp-dessurlaryna we amallaryna garşy gönükdirilendigini aýdýar.
“Human Rights Watch” guramasy we beýleki analitikler Täjigistanyň hijab we nikablary (musulmanlaryň baş ýaglyklary we ýüz örtükleri) gadagan etmek, metjitlere barmagy çäklendirmek we sakgallary düzgünleşdirmek ýaly yslam däp-dessurlaryna garşy göreşiniň, esasan, awtoritar hökümetiň syýasy oppozisiýadan gorkmagy, ekstremizm baradaky aladalary we döwlet tarapyndan tassyklanan dünýewi täjik medeni kimligini mejbury ornaşdyrmak islegi bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler.
Daşary ýurt atlar “bölünişiklere sebäp boldy”
2016-njy ýylda täjik parlamenti resmi taýdan “daşary ýurt” diýilýän arapça sesli atlary gadagan etdi.
Şonda adalat ministri ýurduň Maşgala we raýatlyk ýagdaýyny bellige almak baradaky kanunlaryna teklip edilýän üýtgetmeleri okap, kanun çykaryjylara şeýle atlaryň “jemgyýetde bölünişiklere sebäp bolandygyny” aýtdy.
Bu üýtgetmeler erkekleriň atlaryna yslam we arap atlaryny ýa-da goşulmalaryny -- molla, halifa, şeýh, amir we sopy ýaly - goşmagy hem gadagan etdi.
Şol ýylyň ahyrynda Täjigistan täze doglan çagalaryň familiýalaryna “-ow” we “-ew” ýaly rus stilindäki goşulmalar goşmagy hem gadagan etdi.
Hökümet hiç haçan yslam atlaryny açyk gadagan etmedi. Emma häkimiýetler raýatlary “diňe” täjik-pars atlaryny saýlamaga yzygiderli çagyrdy.
Bu çäreler Sumaýa, Hadyja, Muhammet we Abubekr ýaly meşhur yslam şahsyýetleri bilen baglanyşykly atlar barha köp ýaýrap, yslamyň jemgyýetdäki täsiriniň artýandygyny görkezýän mahalyna gabat geldi.
Tassyklanan atlary hasaba aldyrmak düzgüni yslam geýimlerine garşy giň gerimli kampaniýalaryň arasynda peýda boldy. 2024-nji ýylda Täjigistan “täjik medeniýetine ýat geýimler” diýlip atlandyrylýan eşikleri resmi taýdan gadagan etdi - resmiler bu sözi hijaby suratlandyrmak üçin ulanýarlar. Hijabyň resmi däl gadaganlygy köp ýyllardan bäri dowam edýär.
Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri köp täjikleriň gür sakgallara resmi däl gadagançylyk hökmünde häsiýetlendirýän çäklendirmä yzygiderli gözegçilik edýärler, erkekleri tussag edýärler we olaryň sakgallaryny zor bilen syrýarlar.
Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy anonim şertinde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şu ýylyň başynda Türkiýeden geleninden soň Duşenbe halkara howa menzilinde saklanandygyny, polisiýa işgärleriniň onuň sakgalynyň “gaty uzyndygyny” aýdandygyny gürrüň berdi.
“Pasport gözegçiliginden geçirmezden öň maňa sakgalymy syrmagy tabşyrdylar” diýip, 30 ýaşlaryndaky erkek adam aýtdy. “Eger garşylyk görkezsem, tussag edilmekden gorkdum we sakgalymy syrmaga razy boldum” diýip, ol sözüne goşdy.
Şeýle-de, häkimiýetler medreseleriň we metjitleriň onlarçasyny ýapdylar, daşary ýurt dini mekdeplerinde okaýan talyplary yzyna çagyrdylar we metjit ymamlaryny gönüden-göni bellediler.
Arian Atlary
“Adamlar öz çagalarynyň atlaryny, geýimlerini ýa-da sakgalynyň uzynlygyny saýlap almakda erkin bolmaly - bular syýasy mesele däl” diýip, Duşenbede ýaşaýan taryhçy jezalandyrylmak çärelerinden howatyr edip, anonimlik şertinde aýtdy.
“Hökümet Yslam galkynyş partiýasyny eýýäm gadagan etdi, sebäbi ol syýasy howp hökmünde görülýärdi” diýip, ol belledi. “Emma atlar, geýimler we ýüzdäki saçlar garşylygyň nyşany däl. Olara şeýle çemeleşmek paranoýadyr” diýip, ol sözüne goşdy.
Ýurduň demirgazygyndaky Hojand aeroportundan Russiýa syýahat edýän 35 ýaşly täjik migrant işçisi “owadan atlara garşy däldigini”, ýöne rus stilindäki familiýa goşulmalaryny saklap galmagyň tarapdarydygyny aýtdy.
“Men Russiýada işleýärin. Russiýada bir million täjik işleýär… Biziň çagalarymyz hem şol ýerde işlese gerek. Rus stilindäki familiýalar biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirýär” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum