Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Atajurt” hereketiniň tussag aktiwistlerine basyş edilýändigi aýdylýar

"Atajurt" guramasynyň aktiwistleriniň garyndaşlary
"Atajurt" guramasynyň aktiwistleriniň garyndaşlary

Resmi hasaba alynmadyk "Atajurt" guramasynyň derňew astynda saklanýan aktiwistleriniň garyndaşlary Almatyda bir hususy jaýda metbugat ýygnagyny geçirip, näbelli adamlaryň tussaglykda saklanýan garyndaşlaryna basyş edýändigini aýtdylar. Olar tussaglara haýsydyr bir resminamalara gol çekmekleri üçin basyş edilýändigini öňe sürýärler.

Aýdylmagyna görä, tussaglykdaky Bakytnur Nurmukanyň ýanyna iki sany nätanyş adam gelip, ondan bir resminama gol çekmegini talap edipdirler. Ol bu ýagdaýy 2-nji aprelde kakasyna gürrüň berdi. 80 ýaşly ata syrkaw ogluna zyýan ýetirilmeginden howatyrlanýar.

"Oglumyň ýanyna iki sany nätanyş adam gelip, ondan [bir resminama] gol çekmegini talap edipdirler. Ol bu näme üçin gerek diýip sorap, gol çekmekden boýun gaçyrypdyr. Olar ony uzak wagtlap yrmaga synanyşypdyrlar, ýöne ol kagyzda näme ýazylandygyny aýtmady. Oglumyň eşitmek problemasy bar. Olar oňa: "Baýdagy ýakmakda günäli bolsaňyzam, bolmasaňyzam, gol çekiň" diýipdirler" diýip, Bakytnur Nurmukanyň kakasy Nurmukan Arystan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Batylbek Baýgazynyň ejesi Nazira Şaýmurat hem kazyýet seljermesinden iki gün öň iki nätanyş adamyň oglunyň ýanyna baryp, ony bir resminama gol çekmäge mejbur edendigini aýtdy.

"Oglum näme gol çekendigini düşündirmedi. Men türme gözegçisinden 'Kim geldi?' diýip soradym, ýöne jogap alyp bilmedim. Bizi onuň ýanyna goýbermeýärler; alty aý bäri onuň bilen görşüp bilmeýäris. Onuň saglygy erbet: biz onuň gözüne operasiýa etdirmekçidik we onuň böwreklerinde problema bar" diýip, ene gürrüň berdi.

Aktiwistleriň saklanýan ýerinden, Taldykorgan şäherindäki 71-nji deslapky tussaghanadan düşündiriş almak mümkin bolmady. Azattyk bu edara gözegçilik edýän Jenaýat-Ýerine ýetiriş ulgamy komitetine resmi sorag iberdi. Soraglara bäş gün içinde jogap berilmegine garaşylýar.

"Atažurt" guramasynyň on dokuz agzasy etniki duşmançylygy öjükdirmekde aýyplanýar. Kazyýet seljermesi Taldykorgan şäherinde ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilýär.

XS
SM
MD
LG