Asly täjigistanly alym we West Australia Uniwersitetiniň ozalky ylmy-işgäri 3.5 ýyl tussaglykdan soň, azatlyga çykdy. Abdusalom Odinazoda terrorçylygy öjükdirmekde günäli tapylypdy.
Odinazodanyň 23-nji iýunda Azatlyga tassyklamagyna görä, onuň türme möhleti 19-njy iýunda tamamlanypdyr we ol 22-nji iýunda goýberilipdir.
Awstraliýanyň häkimiýetleri Odinazodany 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2020-nji ýylyň aýagy aralygynda, ýagny onuň tussag astyna alynmagyna çenli, täjik hökümetiniň agdarylmagyny we halifatyň gurulmagyny goldap, özüniň YouTube kanalynda ençeme wideony paýlaşmakda aýypladylar.
Odinazodanyň Azatlyga aýtmagyna görä, häkimiýetler onuň 16 wideosyny seljeripdirler we olarda “terorrçylyk propagandasynyň” bardygy baradaky netijä gelipdirler.
Suduň ýazgylaryna görä, Odinazoda “Talybanyň” Owganystandaky we “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň Siriýadaky täsirlerini giňişleýin maslahat edipdir.
Bu wideolar 1.6 milliondan hem aşa tomaşaçyny çekip, olaryň aglabasy Russiýada we Täjigistanda ýerleşen adamlardy.