Ukrainadaky urşuň soňlanmagy barada ABŞ-nyň, Russiýanyň we Ukrainanyň wekilleriniň arasynda geçirilýän üçtaraplaýyn gepleşikleriň indiki tapgyrynyň 1-nji fewralda, Abu-Dabide geçirilmegi mümkin.
“Axios” bu maglumaty ady agzalmaýan amerikan resmisine salgylanyp çap etdi. Günbataryň we Ukrainanyň beýleki habar serişdeleri, şeýle-de Russiýanyň TASS habar agentligi 23-24-nji ýanwarda geçirilen gepleşikleriň gatnaşyjylarynyň - uruş başlanaly bäri şeýle formatda ilkinji gezek - täze tapgyr baradaky ylalaşyga gelendigini belledi.
“Axios” neşiriniň salgylanan amerikan resmileri Orsýetiň, Ukrainanyň we ABŞ-nyň delegasiýalarynyň Abu Dabide geçiren duşuşygynyň gepleşikleriň indiki tapgyryna tarap möhüm ädim bolandygyny öňe sürýärler.
Neşiriň çeşmeleriniň biri taraplaryň, beýleki meseleleriň arasynda, Orsýetiň we Ukrainanyň prezidentleriniň duşuşmak mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşandygyny we olaryň "Putin bilen Zelenskiniň duşuşygyny gurnamaga örän ýakyndygyny” aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gepleşikleriň indiki tapgyrynyň üstünlikli bolmagy şeýle duşuşygyň esasy şerti bolup biler.