Soňky habar

AÝ/AR owgan gyzlary üçin täze bilim gepleşikleri bilen gysga tolkunly radio ýaýlymyna gaýdyp gelýär

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Owgan gullugy bolan "Radio Azadi" 24-nji noýabrda Pragadaky studiýadan ýaýlym berýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Owgan gullugy bolan "Radio Azadi" 24-nji noýabrda Pragadaky studiýadan ýaýlym berýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Owganystanda "Talyban" tarapyndan mekdepden daşlaşdyrlan gyzlara gönükdirilen täze bilim programmalary bilen gysga tolkunly radio ýaýlymlaryny gaýtadan dikeltdi.

Täze programmalar 24-nji noýabrda ýerli wagt bilen irden sagat 7:00-da efire berlip başlandy. Üç sagat dowam edýän bu gepleşikler habarlary, seljermeleri we aýdym-sazlary öz içine alýar. Ýurtda aýdym-saz diňlemek "Talyban" 2021-nji ýylda häkimiýet başyna gaýdyp geleninden soň gadagan edildi.

Şeýle hem, gepleşiklerde "Talybanyň" dolandyryşy döwründe köp sanly çäklendirmä duçar bolýan aýallar üçin ýörite programmalar we ýakynda "Talybanyň" regional güýç merkezi bolan Kandaharda gadagan edilen kriket habarlary hem efire berilýär.

Owganystanda "Radio Azadi" ady bilen tanalýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy hem "Talyban" tarapyndan gadagan edildi.

"Radio Owganystanda möhüm rol oýnaýar, sebäbi ol internet elýeterliliginiň çäkli ýa-da ygtybarsyz ýerlerinde ýaşaýan adamlara ýetip bilýär. Batareýa bilen işleýän gysga tolkunly radio elektrik energiýasy ýok wagty hem, biziň gepleşiklerimizi kabul edip bilýär" diýip, "Radio Azadiniň" dolandyryjy redaktory Malali Başir aýdýar.

Gyzlar üçin bilim

Bilim gepleşikleri 7-nji synpdan 12-nji synpa çenli okuwçylar, ýagny takmynan 12-17 ýaş aralygyndaky gyzlar üçin niýetlenendir. "Talyban" ýaş gyzlaryň henizem mekdebe gitmegine rugsat berýär. Agşamlary hem üç sagatlap ýaýlyma berilýän gepleşikler dari we puştu dillerinde elýeterlidir.

Bilim programmasy onlaýn görnüşde 2025-nji ýylda başladyldy we owgan gyzlaryna "Talybanyň" çäklendirmelerine garamazdan bilimlerini dowam etdirmäge kömek etmäge niýetlenendir.

Bu taslama owgan zenanlary tarapyndan esaslandyrylan we ýolbaşçylyk edilýän, Owganystanda lukmançylyk we adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly kömegi berýän, düýbi ABŞ-da ýerleşýän kommersiýa däl guramasy bolan "LEARN Afghan" bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy. Taslama Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaý tarapyndan esaslandyrylan "Malala gaznasy" hem goldaw berýär.

"Radio Azadiniň" gysga tolkunly ýaýlymlarynyň gaýtadan başlanmagy däp boýunça "Talybanyň" merkezi hasaplanýan günorta Owganystandaky diňleýjiler tarapyndan oňat garşy alyndy.

“Men ýene-de 'Radio Azadini' gysga tolkunda diňleýärin we signal bu ýerde örän aýdyň gelýär” diýip, 24-nji noýabrda Zabul welaýatynyň bir obasyndan habarlaşan diňleýji aýtdy.

"Bu meniň üçin ýatdan çykmajak ertir bolar, sebäbi men 'Radio Azadiniň' gepleşiklerini gysga tolkunlarda ýene-de diňläp bildim. Diňe men däl. Meniň Helmand we Kandagardaky dostlarym hem gysga tolkunly ýaýlymlaryň täzeden başlanmagyna örän şat" diýip, Helmand welaýatyndaky ýene bir diňleýji aýtdy.

Himiýa, biologiýa, taryh we geografiýa ýaly derslerden başga-da, “Radio Azadi” aýallaryň ruhy saglygy we olaryň taryhdaky orny barada gepleşikleri ýaýlyma berýär. Okuw maksatnamasy 2021-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan çekilmegi bilen, “Talyban” häkimiýete gelmezden öň owgan mekdeplerinde ulanylan okuw materiallaryna esaslanýar.

Sanly platformalara has köp üns bermegiň bir bölegi hökmünde, “Radio Azadi” öz YouTube kanalynda bu gepleşikleriň çäginde takmynan 400 wideoda 900-den gowrak sapagy hem çap etdi.

Geljege gaýdyp barmak

"Radio Azadi" Owganystanda ýaýlym bermek boýunça uzak taryha eýedir: ol ilki 1985–1993-nji ýyllar aralygynda, soňra bolsa 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky wakalardan soň, 2002-nji ýylda işine täzeden başlapdy. Ol tutuş ýurt boýunça abraýly we meşhur media serişdesidir.

Onuň ýaýlymlary 2025-nji ýylyň mart aýynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň "ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň" (USAGM) we onuň gözegçiligindäki habar beriş guramalarynyň işini "degişli kanunçylyga laýyklykda mümkin boldugyça iň ýokary derejede" çäklendirmek barada permana gol çekmeginden soň togtadyldy.

USAGM — Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR), Amerikanyň sesine we ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän beýleki teleradioýaýlymlaryna gözegçilik edýän garaşsyz hökümet edarasydyr. AÝ/AR-nyň radio geçirijilerine girişi petiklenende, "Radio Azadi" öz audio gepleşiklerini onlaýn programma arkaly ýaýlyma bermegini dowam etdirdi.

Däp bolan adaty radio ýaýlymlarynyň täzeden dikeldilmegi, "Radio Azadiniň" has giň auditoriýa ýetmegine mümkinçilik berýär. Gysga tolkunly radio ýene-de bir gezek saýlandy, sebäbi bu "Talyban" üçin petiklemesi iň kyn signaldyr.

"Uzak sebitde ýaşaýan maşgala üçin gysga tolkun garaşsyz habarlary eşitmegiň ýene bir usulyny hödürleýär" diýip, "Radio Azadiniň" dolandyryjy redaktory Malali Başir aýtdy.

"Talyban tarapyndan altynjy synpdan soň mekdebe gitmegi gadagan edilen gyz üçin bolsa, biziň "Bilim sagady" gepleşigimiz oňa mekdep sapaklaryny öýünde geçmäge mümkinçilik berýär" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

​
XS
SM
MD
LG