Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Türkmenistandan alýan tebigy gazyny 2,1 esse artdyrdy


2021-nji ýylyň dekabryndaky şertnama laýyklykda, Azerbaýjan türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen, gaz alyşmak usulynda satyn alýar.
2021-nji ýylyň dekabryndaky şertnama laýyklykda, Azerbaýjan türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen, gaz alyşmak usulynda satyn alýar.

Azerbaýjan Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň mukdaryny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2,1 esse artdyrdy diýip, türkmen metbugaty “abc.az” habar portalyna salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Azerbaýjan 2023-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 182,8 million dollara 1 milliard 281,16 million kub metr tebigy gaz satyn aldy.

2021-nji ýylyň dekabryndaky şertnama laýyklykda, Azerbaýjan türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen, gaz alyşmak usulynda satyn alýar.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp berlen maglumata görä, Azerbaýjan 2022-nji ýylyň degişli döwründe Türkmenistandan 614,15 million kub metr (76,86 million dollar) tebigy gaz satyn aldy.

Türkmenistan adatça daşary ýurtlara satýan gazynyň we import edýän harytlarynyň bahalaryny gizlin saklaýar we, ýurt ýapyk bolansoň, habardaky görkezijileri garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

XS
SM
MD
LG