Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan we Ermenistan birnäçe hoşniýetlilik ädimlere, tussaglary boşatmaga razy boldular


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (çepde) Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan bilen (arhiw suraty)
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (çepde) Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan bilen (arhiw suraty)

Azerbaýjan 7-nji dekabrda 32 sany ermenistanly harby gullukçyny azatlyga goýberdi, Ermenistan hem iki sany azerbaýjanlyny tussaglykdan boşatdy diýip, iki ýurduň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar. Dokumentde ýurtlaryň özara ynamy döretmek boýunça başga-da “göze ilerlik ädimleri” bellenip geçilýär.

Ermenistanyň premýer-ministriniň edarasynyň we Azerbaýjanyň prezident diwanynyň ýaýradan bilelikdäki beýanatynda taraplaryň ikisiniň-de tussaglaryň boşadylmagyny “ynsanperwer gymmatlyklaryndan we ýagşy niýetden ugur alýandygy” hökmünde kabul edýändigi bellenilýär.

Tussaglykdan boşadylan harby gullukçylaryň şahsyýetleri häzirlikçe aýan edilmedi.

Beýanatda uzak wagtdan bäri garaşylýan parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça taryhy mümkinçiligiň dörändigi hem nygtalýar.

“Ýurtlaryň ikisi-de özara gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle-de özygtyýarlylyk we territorial bütewilik prinsiplerine esaslanýan parahatçylyk ylalaşygyna gelmek meýillerini mälim edýärler” diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG