Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan we Ermenistan uruş ýesirlerini çalyşdylar


Azerbaýjan we Ermenistan uruş ýesirlerini çalyşýar. 13-nji dekabr
Azerbaýjan we Ermenistan uruş ýesirlerini çalyşýar. 13-nji dekabr

13-nji dekabrda Azerbaýjan we Ermenistan uruş ýesirlerini çalyşdylar.

Munuň çäginde Baku 2020-2023-nji ýyllarda ele salnan 32 ermeni esgerini, Ýerewan hem 2023-nji ýylyň aprelinde tutulan iki sany azerbaýjanly esgeri azat etdi.

Bu mundan öň yglan edilen “hoşniýetlilik ädimleriniň” çäginde amal edildi.

Tussaglary çalyşmak barada geçen hepde ylalaşyldy. ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we Russiýa bu ädimi gowy garşyladylar.

XS
SM
MD
LG