Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda irki prezidentlik saýlawlary geçýär, diýdimzor Alyýewiň ýeňiş gazanjakdygy çaklanylýar


Alyýewe prezidentlik kürsüsi 2003-nji ýylda, kakasy Geýdardan geçipdi.
Alyýewe prezidentlik kürsüsi 2003-nji ýylda, kakasy Geýdardan geçipdi.

Azerbaýjanda irki prezidentlik saýlawlary başlandy. Onda häkimiýet başyndaky diýdimzor prezident Ylham Alyýewiň aňsatlyk bilen bäşinji möhlete saýlanjakdygyna garaşylýar.

Synçy guramalar prosesiň ne adalatly, ne-de açykdygyny aýdyp, muny tankytladylar. Saýlawlar ýurtda garaşsyz media edilýän basyşlaryň we Alyýewe garşy çykar ýarly hakyky oppozisiýanyň ýok bolmagynyň arasynda geçirilýär.

Häzirki prezidente garşylyk görkezip biljek hakyky oppozisiýa partiýalary saýlawlary boýkot edýärler.

Alyýewe prezidentlik kürsüsi 2003-nji ýylda, kakasy Geýdardan geçipdi.

Azerbaýjanyň nobatdaky prezidentlik saýlawlary 2025-nji geçmelidi. Emma Alyýew Bakuwyň Daglyk-Garabag sebitini almagyndan soň, bu ýeňiş mümkinçiliginden peýdalanyp bilmek üçin, geçen dekabrda irki prezidentlik saýlawlaryny yglan edipdi.

“Ýurtda azat we adalatly saýlawlary geçirer ýaly şertler ýok” diýip, oppozisiýadaky Azerbaýjanyň Meşhur Front Partiýasynyň lideri Ali Kerimli aýtdy.

XS
SM
MD
LG