Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz toparyň başlygy saklandy


Anar Mammadli
Anar Mammadli

Bakuwda polisiýa Saýlawlara Gözegçilik we Demokratiki Bilim Merkeziniň başlygy Anar Mammadlini saklady. Bu barada 29-njy aprelde onuň egindeşleri Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Mammadliniň aklawçysy Eljin Sadikowyň Azalyga beren maglumatyna görä, onuň müşderisi Abzas Media garaşsyz derňew websaýtynyň birnäçe žurnalistine garşy açylan iş bilen ilteşikli saklanypdyr. Abzas Medianyň ençeme habarçysy daşary ýurt walýutasynyň gaçakçylygynda aýyplanýar. Žurnalistler bu işiň syýasy matlaplydygyny aýdyp, bulary ret edýärler.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň tankytçylary, häkimiýetleriň dissidentleri sem etmek üçin oppozisiýa aktiwistlerini, žurnalistleri we raýat jemgyýetiniň tarapdarlaryny toslama aýyplamalar esasynda türme tussaglygyna höküm edýändiklerini belleýärler.

XS
SM
MD
LG