28-nji fewralda azerbaýjanly bir esger, näbelli sebäplere görä, Ermenistanyň serhedini geçenden soň saklandy diýip, ermeni resmileri mälim etdiler. Maglumatda Azerbaýjanyň ýene bir esgeriniň, Tegh obasynyň golaýyndaky serhediniň beýleki tarapyna gaçyp geçendigi aýdylýar.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi saklanan esgeri Ruslan Panahow diýip tanyşdyrdy, şeýle-de onuň, ýaramaz howa şertleri sebäpli azaşyp, ýalňyşlyk bilen serhediň beýleki ýüzüne geçendigini aýtdy.
Geçen ýylyň aprelinde Azerbaýjanyň iki esgeri serhetden Ermenistana geçenden soňra saklanypdy. Soňundan olaryň biri bir ermeni raýatyny öldürmekde günäli tapyldy. Gullukçylaryň ikisi-de soňundan tussag alyş-çalşygynyň çäginde boşadyldy.