Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk howpsuzlygyny 'üpjün eden' Aşgabat Stawropoldan towuk daşaýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan Stawropol sebitinden müňlerçe tonna towuk etini satyn alýar. “Türkmenportal” neşiriniň “Pobeda26” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýedi aýynda Stawropol sebitinden 66 müň tonna golaý towuk etini import etdi.

Ýedi aýda satyn alnan towuk etiniň bahasy 135 million dollardan gowrak boldy diýip, habarda Türkmenistanyň bu sebitden ozal towuk etini satyn almandygy bellenýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda ýurtda importyň ornuny tutýan we eksport edip boljak önümleri köp öndürmek syýasatyny yglan edip, onlarça guşçulyk toplumyny gurdy we ýurtda azyk howpsuzlygyny doly üpjün edendigini, içerki bazardan artan ýerli önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýän böleginiň köpelendigini enceme gezek habar berdi.

Emma muňa garamazdan, ýerli telekeçiler öz iş şertleriniň juda agyrdygyny, kanunlaryň işlemeýändigini, emeli päsgelçilkleriň barha köpelýändigini we işi ugrugan goragsyz telekeçileriň, häkimiýet wekilleriniň 'däp bolan' talaňçylygyndan çekinip, derrew işini satmaga çalyşýandygyny gürrüň berýärler.

XS
SM
MD
LG