Ukrain güýçleri gündogar we günorta frontlarda Russiýanyň basyp alyjy güýçleriniň eýelän has köp territoriýasyny yzyna aldy diýip, Kiýew 11-nji sentýabrda, german daşary işler ministriniň paýtagta duýdansyz sapar eden gününde aýtdy. Annalena Baerbok öz ýurdunyň Ukraina berýän goldawyny üýtgewsiz dowam etdirjekdigini aýtdy.
"Bahmut ugrundaky goranmak güýçleri Donetsk sebitiniň Klişçiýiwka töwereginde bölekleýin üstünlik gazandy, olar duşmany basyp alan ýerlerinden kowup çykarýarlar ... gazaply söweşler dowam edýär" diýip, ýaragly güýçleriň baş ştabynyň 11-nji sentýabrdaky gündelik hasabatynda aýdylýar.
Harbylar geçen bir günüň dowamynda ukrain güýçleri bilen rus goşunlarynyň arasynda 30-dan gowrak çaknyşygyň bolandygyny aýtdylar.
Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar ukrain goşunlarynyň soňky bir hepdäniň dowamynda 2 inedördül kilometre golaý ýeri, şol sanda Donetsk sebitiniň Opytne obasynyň bir bölegini yzyna alandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol gündogarda, Nowomaiorske, Andriýiwka we Klişçiýiwka obalarynyň golaýynda käbir "üstünlikleriň” gazanylandygyny habar berdi.
Kiýew goşunlary Bahmutyň golaýynda 49 inedördül kilometr ýeri yzyna aldy diýip, Malýar 11-nji sentýabrda ukrain telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.
Malýar Kiýewiň günortada, ukrain goşunlarynyň Azow deňzine tarap ilerlemäge çalyşýan ýerinde 1,5 inedördül kilometr meýdany yzyna alandygyny öňe sürdi. Şeýle-de, ol Zaporižýa sebitindäki Robotyne we Werbowe obalarynyň golaýynda käbir ilerlemeleriň gazanylandygyny habar berdi.
Bu sebitlerde entek doly harby gözegçiligi ýola goýup bilmändigine garamazdan, Russiýa geçen ýylyň sentýabr aýynda Donetsk, Zaporižýa sebitlerini we ýene iki ukrain sebitini anneksiýa edendigini öňe sürdi.
Russiýanyň saýlaw ýolbaşçylary bu sebitlerde hepde aýagynda geçirilen ýerli saýlawlarda Kremle tarapdar “Birleşen Russiýa” partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny aýtdylar. Kiýew we Günbatar bu saýlawlary ýazgaryp, olaryň galp we halkara kanunçylygyna sygmaýan çäreler bolandygyny aýtdy.
Baerbok Germaniýanyň geçen ýyl ÝB-ne agza bolmak üçin ýüz tutan Ukraina kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmekde, korrupsiýa garşy göreşde we ÝB standartlaryna laýyk bolmak tagallalarynda kömek bermek isleýändigini aýtdy.
Ukraina "bize we biziň ÝB-niň giňelmegine Russiýanyň başlan urşunyň zerur bolan geosyýasy netijesi hökmünde garamagymyza bil baglap biler" diýip, ol Kiýewe gelen badyna aýtdy. Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlaly bäri, bu german diplomatynyň Kiýewe eden dördünji sapary boldy.
Baerbok Ukrainanyň kazyýet reformasy we metbugat kanunçylygy babatynda täsir galdyryjy netijeleri gazanandygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, oligarhlara garşy kanunyň durmuşa geçirilmeginde we korrupsiýa garşy göreşde entek geçilmeli ýol uzak diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şu aralykda BMG-niň adam hukuklary bölüminiň başlygy Russiýany Gara deňiz däne şertnamasyndan çekilmekde we, oba hojalyk desgalaryna hüjüm etmek bilen, Afrika ýurtlaryndaky azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolmakda aýyplady.
"Russiýa Federasiýasynyň iýul aýynda Gara deňiz däne başlangyjyndan çekilmegi hem-de Odesadaky we beýleki ýerlerdäki galla desgalaryna edilen hüjümler ösýän ýurtlaryň köpüsindäki bahalaryň asmana göterilmegine getirip, azyk hukugyny köp adamlar üçin elýetersiz etdi" diýip, Wolker Turk Ženewada, Adam Hukuklary Geňeşiniň birinji gün açylan mejlisinde hususan-da Somalide dörän azyk ýagdaýyny nazarda tutup aýtdy.
Forum