Azerbaýjanyň häkimiýetleri 24-nji iýunda aýdyňlaşdyrylmadyk jenaýatlar üçin saklanýan bir şübheli tussag edilen wagtynda, bäş adamyň, şol sanda üç polisiýa işgäriniň öldürilendigini aýtdy.
Bu waka Bakuwyň Hazar etrabynyň Suwalan etrapçasynda boldy. Şonda jenaýat ýazgysy bolan Rowsan Allahwerdiýew diýlip atlandyrylýan bir şübheli özüniň tussag edilmegine garşylyk görkezip, “garyndaşlaryny adam galkany hökmünde ulanýarka” polisiýa ot açdy.
Atyşykda şübheli, üç polisiýa işgäri we bir raýat öldi.
Azerbaýjanyň Baş prokuratura tarapyndan goşmaça maglumat berilmedi.
Ýurduň Içeri işler ministrligi hem bu barada jikme-jik maglumat berip, wakany aýdyňlaşdyrmady.