Pakistanyň we Eýranyň arasynda ýerleşýän we tebigy resurslara baý Bulujystan regiony separatistik konfliktiň ojagy bolup durýar. "Bulujystan çatrykda" atly kitabyň awtorlary žurnalist Willem Marks we suratçy Mark Watterlot ejir çekýän we göreşýän buluç halkynyň Pakistanda we Eýranda yzagalak hem gyrakladylan jemgyýetlerde ýaşaýyş şertlerini dokumentleşdirdiler.
Bulujystan: Gyrakladylan durmuşyň pursatlary

1
"Buluç azat ediş armiýasynyň" ýaragly söweşijiler topary odyň daşynda.

2
Zorlukdan gaçyp, öz obalaryny terk eden buluç bosgunlarynyň mekdep üçin guran çatmasynda oturan çagalar.

3
Gwadardan demirgazykda ýerleşýän Keç jülgesi Bulujystanyň Makran atly kenarýaka regionynyň iň owadan, emma boşlukly ýeridir.

4
Bu garry zenan öz obalaryny terk edip, Gwadar portunyň golaýynda işiň gözlegine çykan köp buluçlaryň biri.