Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň tanyş bolan haty Baltika ýurtlarynda Russiýanyň agressiýasy bilen bagly aladalaryň artýandygyny görkezýär. Hatda «howa giňişliginiň bozulmagy we dronlaryň aralaşmagy ýaly hadysalaryň ýygylaşýan» şertlerinde «howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy» aýdylýar.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýene iberilen hata Baltika ýurtlaryndan bolan üç ýewrokomissar — Kaýa Kallas, Andrius Kubilius we Waldis Dombrowskis, şeýle-de Polşadan we Finlýandiýadan bolan komissarlar gol çekdi.
30-njy iýul seneli bu hat tomus aýlarynda Russiýanyň agressiýasy barada edilen birnäçe duýduryşyň biridi. Bu duýduryşlaryň yzysüre, 25-nji awgustda, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) direktory Jon Ratkliff Moskwa duýdansyz sapar etdi.
Sapardan habarly çeşmeler 26-njy awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Ratkliffiň Kremli ABŞ-nyň ýaranlary, hususan-da, Estoniýa, Latwiýa we Litwa bilen dartgynlygy güýçlendirmezlige çagyrmak üçin Moskwa uçandygyny tassykladylar.
Ondan öň, 6-njy awgustda, The Wall Street Journal gazeti ABŞ-nyň aňtaw maglumatlaryna salgylanyp, Russiýanyň eýýäm şu güýz çäkli çozuş arkaly NATO-nyň aýgytlylygyny synap görmeginiň mümkindigini habar beripdi.
Atlarynyň aýan edilmezligi şerti bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň beren Baltika ýurtlarynyň diplomatlary tomus aýlarynda Russiýanyň jogapkärçiligi başga tarapyň üstüne atmaga gönükdirilen operasiýalary barada goşmaça aňtaw maglumatlarynyň alnandygyny tassykladylar. Emma ýakyn wagtda adaty harby hüjümiň amala aşyryljakdygyny görkezýän alamatlaryň bolmandygyny aýtdylar.
Olar şeýle operasiýalaryň diňe Baltika ýurtlary bilen çäklenmezliginiň mümkindigini hem aýratyn nygtadylar. Germaniýa, Polşa we Slowakiýa ýaly birnäçe NATO ýurdunda ýakynda bolan janyna kast etmäge synanyşyklara, ýangynlara we dronlaryň aralaşmagyna Russiýanyň dahyllydygy öňe sürülýär ýa-da güman edilýär. Bu wakalar şol aladany has-da güýçlendirýär.
Baltika ýurtlary näderejede taýýar?
Bir seretseň, Baltika ýurtlarynyň üçüsi — Latwiýa, Litwa we Estoniýa — Russiýanyň islendik görnüşli hüjümine garşy durmaga örän gowy taýýarlykly ýaly görünýär.
Olar köpden bäri Russiýanyň dürli görnüşli zyýanly hereketleri barada duýduryş berip, olara garşy çäreleri meýilleşdirip gelýärler. Üç ýurt hem NATO-nyň 2035-nji ýyla çenli goranyşa jemi içerki önümiň 5 göterimini sarp etmek baradaky maksadyna eýýäm ýetdi ýa-da ýakyn wagtda ýeter. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşigi sebitde goranyşa we howpsuzlyga maýa goýmak üçin takmynan 14 milliard dollar karz bermegi wada edip, bu serişdeleri bölüp bermäge başlady.
Adaty goranyş taýýarlyklaryndan başga-da, bu ýurtlar iň täze tehnologiýalar babatda hem öň hatarda durýarlar. Hususan-da, Estoniýa bu ugurda tapawutlanýar.
Mysal üçin, Estoniýanyň «DefSecIntel Solutions» kompaniýasynyň emeli aňa esaslanýan programma üpjünçiligi alnan şekilleri seljerýär we ähli maglumatlary bir ekranda görkezýär.
«Biz ukrain kärdeşlerimiziň ýanynda durmagy makul bildik. 2022-nji ýylyň güýzünden bäri olar bilen frontda bolýarys. Tehnologiýalarymyz hem şol ýerde ulanylýar. Bu, elbetde, bize uly itergi berdi» diýip, kompaniýanyň wise-prezidenti Ýaan Heýn «Nastoýaşeýe Wremýa» telekanalyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýanyň önümi Estoniýanyň hem-de başga-da 12 ýurduň serhetlerini goramak üçin ulanylýar.
Ýene bir mysal — Estoniýanyň «Wayren» startapy. Ol söweş meýdanynda ulanylýan smartfonlara, planşetlere we beýleki enjamlara ornaşdyrylýan, maglumat alyş-çalşygyny daşarky päsgelçiliklerden goraýan programma üpjünçiligini işläp düzdi.
«Estoniýa käbir babatlarda özboluşly: senagaty-da degişlilikde kiçi bolan kiçi ýurt hökmünde biz iň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ýöriteleşýäris. Uly ýurtlaryň edişi ýaly tanklar ýa-da gämiler ýaly iri platformalara kän üns bermän, şeýle ulgamlara ornaşdyryp, artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik berýän akylly we innowasion çözgütlere has köp üns berýäris» diýip, kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri Henri Harm «Nastoýaşeýe Wremýa» telekanalyna aýtdy.
Emma has içgin seredilende, gowşak taraplar ýüze çykýar.
Ýewropa Bileleşiginiň indiki ýedi ýyllyk býujeti boýunça gepleşikler Ýewropa Komissiýasynyň howpsuzlyga we goranyşa maýa goýmak üçin 145 milliard dollar bölüp bermek baradaky teklibi bilen başlady. Emma bileleşigiň býujetine ondan alýan serişdelerinden köp goşant goşýan birnäçe ýurt, şol sanda iň köp goşant goşýan Germaniýa geljekki býujetiň has kiçi bolmagyny isleýändigini açyk aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň köp resmisi goranyşyň maliýeleşdirilmegi gysgaldyljak ugurlaryň hataryna düşmeginiň gaty ähtimaldygyndan howatyrlanýar. Bu alada metbugata syzan hatda hem aýdyň görünýär.
Hatdaky käbir teklipler nyşanlaýyn häsiýete eýe. Mysal üçin, «Baltika ýurtlaryna garşy howplaryň barha artýandygyny hemmämiziň görýändigimiz» sebäpli, Ýewropa Komissiýasynyň ähli agzalarynyň şu güýz howpuň öň hatarynda duran ýurtlaryň birine «gyssagly» sapar etmegi teklip edilýär.
«Dron diwarynyň» deregine tanka garşy böwetler
Emma esasy talap goşmaça maliýeleşdirmedir. Hatda howpuň öň hatarynda duran ýurtlarda işewürlik we maýa goýum şertlerini gowulandyrmak üçin takmynan 115 milliard dollar bölüp bermäge çagyrylýar.
Russiýanyň dronlar bilen bagly we beýleki hereketleriniň artýandygyna ünsi çekýän hatda şeýle diýilýär: «Bu wakalar eýýäm sebitiň işewürlik gurşawyna hem-de ilatyň öz howpsuzlygyna bolan ynamyna ýaramaz täsir edýär. Ýagdaýyň mundan beýläk ýaramazlaşmagynyň öňüni almak we agressiýany saklandyryjy kuwwaty güýçlendirmek üçin göze görnüp duran hem-de öz wagtynda görülýän çäreler zerurdyr».
Sanalan çäreleriň arasynda «energiýa üpjünçiligindäki bökdençliklere hem-de aýratyn möhüm elektrik we gaz infrastrukturasyna abanýan howplara tiz jogap bermek ukybyny döretmek, zerur harytlaryň we raýat goranyşy üçin serişdeleriň sebitde ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, gaçybatalgalary we ewakuasiýa infrastrukturasyny gurmak, gibrid, kiber, sabotaž, elektron we maglumat howplaryna garşy durmaga taýýarlyk görmek» bar.
Emma hatda-da, Ýewropa Bileleşiginiň soňky beýanatlarynyň köpüsinde-de «dron diwarynyň» agzalmaýandygy ünsi çekýär. Geçen ýyl giňden ara alnyp maslahatlaşylan bu taslamany Bileleşik maliýeleşdirmek mümkinçiligine seredipdi. Maksat ÝB-niň tutuş gündogar ganatyny duşmançylykly dronlary ýüze çykarmaga we atyp düşürmäge mümkinçilik berýän datçikler hem-de ulgamlar bilen üpjün etmekdi.
Bu ugurda kän öňegidişlik bolmady. Baltika ýurtlarynyň bir resmisiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýdyşy ýaly: «Dron diwary barada gürrüň etmek ony gurmakdan aňsat. Ýöne dogrusyny aýtsak, häzirlikçe hiç kimde şeýle diwar ýok, hatda ukrainlerde-de».
Muňa maliýe, tehniki we hukuk meseleleri päsgel berýär. Şeýle gymmat ulgamyň çykdajylaryny kimiň çekmelidigi aýdyň däl. Datçikler, radarlar we netijeli serkerdelik hem-de dolandyryş ulgamy ýaly esasy bölekler entek doly işlenip düzülmedi. Mundan başga-da, ulgamyň doly awtomatlaşdyrylmalydygy ýa-da adamlaryň gözegçiliginde bolmalydygy barada jedeller dowam edýär.
Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän ýene bir taslamasy — «Rail Baltica» hem meýilleşdirilişi ýaly öňe gitmeýär.
2015-nji ýylda başlanan bu taslama demir ýol ulgamlarynda henizem esasan sowet döwrüniň rels aralygy ulanylýan Baltika ýurtlaryny Polşa we ÝB-niň galan bölegi bilen birleşdirmelidi. Demir ýoly şu ýyl ulanmaga bermek baradaky ilkibaşdaky maksatdan bireýýäm el çekildi. Çykdajylaryň barha artmagy, başlangyç meýilnamalaşdyrmadaky kemçilikler, taslama yzygiderli girizilýän üýtgetmeler hem-de ýurtlaryň öz içindäki we öz arasyndaky düşünişmezlikler sebäpli täze bellenen 2030-njy ýyl möhletiniň berjaý ediljegi hem sorag astynda.
Bu demir ýol möhüm hasaplanýar, sebäbi ol harby güýçleri we tehnikany geçirmek üçin esasy strategik geçelgeleriň birine öwrülip, sebiti goramak üçin zerur NATO esgerlerini hem-de ýaraglaryny mümkin boldugyça köp möçberde getirmäge we Suwalki geçelgesi diýlip atlandyrylýan ýer bilen bagly gowşaklygy aradan aýyrmaga mümkinçilik bermeli. Polşany Litwa bilen birleşdirýän bu dar guryýer geçelgesi Moskwanyň ýarany Belarus bilen Russiýanyň esasy çäginden üzňe ýerleşýän Kaliningrad sebitiniň arasynda ýerleşýär. Harby meýilnamalaşdyryjylaryň köpüsi Moskwa NATO hüjüm etse, hut şu geçelgäni nyşana alar diýip hasaplaýar.
Häzirlikçe bolsa, esasan, şu gowşaklygyň öwezini dolmak üçin Litwa şu ýyl geçelgede harby türgenleşik meýdanyny gurmak barada kanun kabul etdi. Kapçýamestis obasynyň golaýynda taýýarlyk işleri eýýäm başlandy. Bu ýerde Litwanyň we NATO-nyň beýleki ýaran ýurtlarynyň jemi 4 müňe çenli harby gullukçysy türgenleşip biler.
Bu çäre geçelgäniň edil demirgazygynda ýerleşdirilýän Germaniýanyň 45-nji sowutly brigadasynyň hem-de onuň edil günortasynda, Polşada ýerleşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky köpmilletli NATO söweş toparynyň goranyş mümkinçilikleriniň üstüni ýetirmeli.
Latwiýanyň, Litwanyň we Polşanyň Belarus bilen serhetleri hem mümkin bolan harby çozuşlaryň, şeýle-de migrantlaryň serhetden geçmek synanyşyklarynyň öňüni almak üçin germewler we garymlar bilen berkidilýär. Bu üç ýurt Belarusy we Russiýany 2021-nji ýyldan bäri migrantlaryň şeýle synanyşyklaryna ençeme gezek ýardam bermekde aýyplaýar.
Muňa garamazdan, bu çäreleriň ýeterlik boljakdygyna şübhelenýänler hem bar. Olaryň arasynda Litwanyň Ýaragly güýçleriniň öňki serkerdesi Waldas Tutkus hem bar.
«Biz müň sany ýük ulagyny satyn alýarys. Goranyş liniýasyny gurýarys, ýogsam häzirki zaman urşunyň tanklar bilen alnyp barylmajakdygyny örän gowy bilýäris» diýip, ol «Nastoýaşeýe Wremýa» telekanalyna aýtdy.
«Kapçýamestis barada aýdylanda bolsa, eger Goranmak ministrligi muny ýeterlik derejede aýdyň düşündiren bolsady, biz bu meseläni ara alyp maslahatlaşyp bilerdik. Emma, gynansak-da, häzirlikçe meniň eşiden ýeke-täk zadym: “Maňa ynanyň, bu bize gerek” diýen sözler boldy» diýip, ol aýtdy. «Gynansak-da, men hiç hili esaslandyrma eşitmedim».
Forum