"Sen täjikleri utandyrýarsyň", "Seniň başyňy syrarys", "Ene-ataňa jaň ederis" - täjigistanly gyz studentleriň aýtmagyna görä, olar şeýle haýbatlary daşary ýurtlarda okan wagtynda öz watandaşlaryndan ýygy-ýygydan eşidipdir. Gyzlar resmi däl gadagançylyklar, gözegçilik, daşary ýurtlular bilen aragatnaşyk saklamagyň gadagan edilmegi we "özlerini dogry alyp barmak" ýaly talaplar barada gürrüň berýärler.
Bu ýagdaýlar birnäçe ýyl mundan ozal bolsa-da, köp gyz başdan geçiren ýagdaýlary barada diňe häzir gürrüň bermek kararyna geldi - bu temany Täjigistanda aýallaryň problemasy boýunça jemgyýetçilik diskussiýalarynyň platformasyna öwrülen "Tell Me Sister" ("Aýt maňa dogan") proýekti sosial ulgamlarda gozgady.
'Oglanlar bilen oturmaga näme hakyň bar?'
Manoşa täjigistanly gyzyň Instagramdaky lakamy (ähli atlar söhbetdeşleriň haýyşy boýunça üýtgedildi). Ol Hytaýda okan döwründe täjik watandaşlarynyň kemsitmeleri we basyşlary barada açyk gürrüň berdi.
Manoşa şol ýurda 18 ýaşy dolmanka bardy. Bu sekiz ýyl mundan ozal boldy. Ol Jiangsu welaýatyndaky kolleje girdi we heniz hytaý dilinde geplemeýärdi. Iňlis dili onuň ýeke-täk dilidi.
"Hytaýda ilkinji ýylymdy. Maňa hytaýly tanşyň üsti bilen howandarlyk rugsady berildi; ýogsa, ýurda barmaga rugsat berilmezdi. Ilki başda men töwerek daşymdaky hiç bir zada düşünmeýärdim" diýip, ol Azatlyk Aziýa bilen söhbetdeşlikde ýatlamalaryny paýlaşdy.
Manoşa dürli ýurtlardan, şol sanda Afrikadan gelen studentler bilen çalt dostlaşdy. Ol iňlis dilini kämilleşdirmek we daşary ýurtlular bilen dostlaşmak isledi.
"Men we joram, ol hem Täjigistandan, beýleki medeniýetler barada bilmek we olary öwrenmek bilen gyzyklanýardyk. Biz täjik tagamlaryny bişirip, Afrikadan gelen iki täze dost üçin kiçi agşamlyk naharyny taýýarlamak kararyna geldik. Biz öňünden ýolbaşçynyň rugsadyny soradyk, ol bolsa hiç hili kynçylyk ýok diýdi" diýip, Manoşa aýdýar.
Olar birnäçe milli tagamyny taýýarlap, umumy talyplar naharhanasyna getirdiler. Ýolda olar iki täjik studenti bilen duşuşdylar. Olar hem birinji ýyl talyplarydy, ýöne gyzlardan 8-10 ýaş uludy.
"Olar: 'Näme edýärsiňiz?' diýip soradylar. Biz daşary ýurtly dostlarymyzy nahara çagyrandygymyzy we olary biziň tagamlarymyz bilen tanyşdyrmak isleýändigimizi aýtdyk. Hatda olary bize goşulmaga çagyrdyk".
Emma Manoşanyň aýtmagyna görä, oglanlar gaharlanyp, gidipdirler.
Gyzlar myhmanlary bilen nahar başynda oturanlarynda, üç täjik talyp naharhana giripdir. “Olar telefon kameralaryny açyp, bizi wideoýazgy edip başladylar. Olar: “Ýigitler bilen oturmaga näme hakyňyz bar? Siz bize gulak asmaly. Biz sizi goramaga borçludyrys” diýip aýtdylar. Olar wideony internete ýerleşdirip, ene-atamyza jaň etmek bilen haýbat atdylar”.
Manoşa bu ýagdaýy daşary ýurtly dostlaryna şol bir wagtyň özünde terjime etmeli boldy.
“Olar dostlarymyzdan: “Gyzlarymyz bilen oturmaga nähili hakyňyz bar?” diýip soradylar. Men: “Biz olary çagyrdyk. Bu biziň hukugymyz” diýip jogap berdim”. Manoşanyň aýtmagyna görä, ildeşleriniň biri Afrikadan gelen talyba hüjüm etmäge synanyşdy. “Şol wagt biziň kollejimizde 50 töweregi täjik bardy. Hemmeler şol adama gulak asdy - ol takmynan 30 ýaşyndady, ikinji ýyl talybydy” diýip, Manoşa ýatlaýar.
Manoşanyň jorasy gorkup aglady. Gyzlar urşuň öňüni almak üçin daşary ýurtly dostlaryndan gitmegi haýyş etdiler. "Olaryň biri gurutobyň (gatlakly ýuka çörekden we gurtdan taýýarlanýan täjik tagamy) diňe bir çemçesini dadyp gördi. Men bolan bu hadysadan örän utandym" diýip, gyz ýatlaýar.
Şundan soň, watandaşlar gyzlara haýbat atmagyny dowam etdiripdir. Manoşa ene-atasyna jaň etdi: "Ejem maňa şol adamyň telefon nomerini bermegimi haýyş etdi. Ol olara kim bilen dost bolmalydygymy aýtmaga haklarynyň ýokdugyny sypaýyçylykly düşündirdi. Soňra kakam olar bilen gürleşdi. Ol: "Bu biziň gyzymyz, biz oňa ynanýarys. Siziň onuň bilen hiç hili işiňiz bolmasyn" diýdi.
Manoşanyň jorasynyň ene-atasy hem gyzyny goldapdyr we oglanlardan indi gatyşmazlygy sorapdyr. Mundan soň, gyzyň aýtmagyna görä, göni haýbatlar togtapdyr, ýöne boýkot başlanypdyr.
"Olar beýleki täjiklere bizi görmezligi tabşyrdylar. Hatda synpdaşlarymyz hem bize salam bermegi bes etdiler. "Emma, açyk aýtsam, ahyrsoňy bizi öz erkimize goýanlaryna begendik" diýip, Manoşa aýtdy.
Gyzyň aýtmagyna görä, ildeşleri öz hereketlerini "gyzlary günäden goramak" islegi bilen düşündiripdirler. "Meniň pikirimçe, olar biziň täjikdigimizi görüp, bizden artykmaçlyklaryny görkezmegi islediler" diýip, ol aýtdy.
Soňra Manoşa ildeşleriniň daşary ýurtly talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, olardan täjigistanly gyzlar bilen gatnaşygy bes etmegi talap edendigini bilip galdy. Emma daşary ýurtlular: "Bu seniň işiň däl. Gyzlaryň özleri karara gelsin" diýip jogap beripdir.
Manoşa bu waka barada kuratoryna gürrüň berdi, ýöne ondan goh turuzmazlygy haýyş etdi. "Men başgalaryň täjikler şeýle erbet diýip, pikir etmegini islemeýärdim. Emma gözegçi: 'Eger bu ýene gaýtalansa, derrew maňa aýdyň. Siz hiç hili ýalňyşlyk etmediňiz. Naharhana ähli talyplar bilen paýlaşylýar' diýdi diýip, student aýtdy.
'Sen täjikleri masgara edýärsiň'
Oliýa üçin Hytaýa syýahat onuň ululyk döwrüne ilkinji ädimi bolmalydy. 2018-nji ýylda ol bakalawr derejesini almak we dil öwrenmek üçin Wuhan şäherine gitdi. Mundan öň, ol hiç haçan Täjigistanyň daşyna syýahat etmändigini aýdýar.
"Men Daglyk-Badahşanda ýaşaýardym we diňe Täjigistany gördüm. Meniň üçin diňe Pamir we Duşenbe bardy - bu meniň tutuş dünýämdi" diýip, ol ýatlaýar.
Konfutsiý institutyndan (Pekiniň hytaý dilini we medeniýetini ösdürmek üçin döreden bilim merkezi) onuň bilen Hytaýa başga-da birnäçe täjik talyplary okuwa bardy. Olar öň baryp, Oliýany garşyladylar, umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşmäge kömek etdiler we ony öz watandaşlary bilen tanyşdyrdylar. Ilki başda Oliýa diňe täjikler bilen aragatnaşyk saklaýardy: ol iňlis dilini az bilýärdi we täze ýurtda özüne ynamly däldi.
Soňra ol synpdaşlary - Afrika we Aziýa ýurtlaryndan gelen talyplar bilen tanyşdy. Olaryň arasynda oglanlar we gyzlar bardy. Olaryň sosial ulgamy giňeldi. 2018-nji ýylyň dekabrynda dostlar topary Täze ýyl gijesini bilelikde bellemek kararyna geldiler. Ilki bilen olar kafede agşamlyk naharyny iýdiler, soňra bolsa bara gitdiler. "Men ilkinji gezek bara gitdim. Men özüm hem gyzyklandym" diýip, Oliýa aýdýar.
Ol içeri girmänkä, ýaşy has uly täjik synpdaşlarynyň biri ony görüp ýerinden galdy. "Ol ýanyma ylgap geldi, egnimden tutup, daşaryk çykardy. Näme bolýandygyny bilmeýärdim" diýip, gyz gürrüň berýär.
Onuň sözlerine görä, synpdaşy ondan "şeýle" ýerde näme edýändigini we ol ýere girmäge kimiň rugsat berendigini gödeklik bilen sorapdyr. "Ol: "Sen täjikleri, biziň milletimizi masgaralaýarsyň" diýdi.
"Men titräp durdum. Ol maňa urmak isleýän ýaly seretdi. Ýöne men hiç zat etmedim. Men diňe dostlarym bilen Täze ýyly bellemek üçin geldim" diýip, Oliýa gorkusyny ýatlaýar.
Gyzyň daşary ýurtly dostlary bolup geçýän zatlary görüp, onuň yzyndan barypdyr we näme bolandygyny düşünmäge synanyşypdyr. Emma Oliýanyň aýtmagyna görä, ol örän tolgunýardy we muny düşündirip bilmeýärdi.
"Kakam ýa-da doganym öňümde durup, meni käýeýän ýalydy. Ene-atam dostlarymyň kimdigini, nirä gidýändigimi, nähili ýaşaýandygymy hemişe bilýärdiler".
Gyzyň aýtmagyna görä, bu wakadan soň basyş hasam güýçlenipdir. Soňra bir gün irden üç täjik talyp onuň otagdaşlary bilen ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýyna barypdyr.
"Olar maňa maslahat berip başladylar, meni dogry ýola gönükdirýändiklerini aýtdylar" diýip, gyz ýatlaýar. "Olar: 'Eger men daşary ýurtlylar bilen gatnaşykda bolmagymy dowam etdirip, şeýle ýerlere gitsem, olar meniň saçymy syrarlar, ene-atama aýdarlar diýdiler we ilçihana şikaýat edip, meni stipendiýadan mahrum edip, öýüme ugratjakdygyny aýtylar".
Gyz şol wagt gorkandygyny ýatlaýar: "Men agladym we 'näme üçin bu meniň başyma gelýär?' diýip pikir etdim.
Onuň sözlerine görä, talyplar hatda Hytaýyň başga bir şäherinde okaýan pamirli bir adamy tapyp, oňa jaň edipdirler. Şeýle-de bolsa, Oliýanyň sözlerine görä, ol adam özüni parahat alyp barypdyr we ony rahatlandyrmaga synanyşypdyr: "Ol meniň bilen adaty ýagdaýda gürleşdi, gygyrman hemme zady düşündirdi we 'eger bir kynçylygyňyz bolsa, meniň bilen habarlaşyň' diýdi".
Soňra Oliýanyň goňşusy onuň bardan äkidilenden soň, şol täjik okuwçylarynyň özleriniň şol ýerde galandygyny gürrüň berdi: "Ol olaryň örän serhoş bolandygyny aýtdy. Olaryň biri çilim çekip, bir gyzy gujaklap durdy. Beýlekisi bolsa - özüni "molla" diýip atlandyrýan biri - goňşyma azar berip, gijäni bile geçirmegi teklip edipdir".
"Men özüni şeýle alyp barýan adamlar nädip meni terbiýelemäge synanyşyp biler?" diýip pikir etdim. Şeýle-de bolsa, ol "howandarlaryndan" hiç hili goldaw görmändigini aýdýar. "Men gyzdyryp, kesellänimde, maňa kömek edenler meniň watandaşlarym däl-de, daşary ýurtly dostlarymdy - olar maňa iýmit we derman getirdiler" diýip, ol aýdýar.
Ol bu wakanyň öz watandaşlaryna bolan garaýşyna uly täsir edendigini boýun alýar. "Ýedi ýa-da sekiz ýyl geçdi, ýöne men hiç zady ýatdan çykarmadym". "Men olaryň her biriniň ýüzlerini, garaýyşlaryny, şol howplary ýadymda saklaýaryn" diýip, gyz aýdýar.
Oliýa häzir Hytaýda ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýar: dil kursuny, bakalawr derejesini, magistr derejesini tamamlady we iş tapdy. Ol täjik diasporasy bilen asla gatnaşykda däl.
"Men henizem içimde gorky duýýaryn. Indi özümi gorap bilsem-de, şol wakadan soň täjikler bilen gatnaşykdan gaça durýaryn. Eger köp sanly watandaşlarymy görsem, ol ýerden gidýärin".
'Bärde biz seniň ene-ataň'
Kamila 2016-njy ýylda Urumçi şäherine göçenden gysga wagt soň täjik okuwçylarynyň resmi däl gözegçiligine duçar bolandygyny ýatlaýar. Şol wagt ol 24 ýaşyndady. Mundan öň, ol Hytaýyň başga bir şäherinde okaýardy, ol ýerde täjik okuwçylary azdy we olaryň arasyndaky gatnaşyklar özara kömek we goldaw esasynda gurulýardy.
"Meniň üçin bularyň hemmesi geňdi, sebäbi öň biziň watandaşlarymyz, tersine, biri-birine kömek etmäge synanyşýardylar" diýip, ol aýdýar.
Emma Urumçi şäherine göçenden soň ýagdaý düýbünden başgaça bolupdyr. Kamilanyň aýtmagyna görä, ilkinji birnäçe günde Täjigistandan gelen ýokary synp studentleri oňa özüňi alyp barmak barada öz düzgünleri barada duýduryş beripdir. Olar oňa başga milletden bolan erkekler bilen gatnaşyk gurmazlygy, açyk geýinmezligi, klublara gitmezligi we umumy ýaşaýyş jaýyna giç gaýdyp gelmezligi duýdurypdyr.
Şol wagt Kamila başga milletden bolan synpdaşy bilen halaşýardy we soňra oňa durmuşa çykdy. Onuň aýtmagyna görä, onuň täjik synpdaşlary "gürrüňdeşlik geçirmek" islediler. "Olar bu gürrüňi meniň umumy ýaşaýyş jaýymda ir sagat ikide etdiler" diýip, gyz ýatlaýar.
Erkekleriň we aýallaryň gatlary bölünipdi we agşam sagat 10-dan soň oglanlara gyzlaryň gatyna çykmak gadagan edilýärdi. Emma, Kamilanyň aýtmagyna görä, bu onuň ildeşlerine päsgel bermändir.
"Meni görmäge takmynan 15 adam geldi. Söhbetdeşligi resmi däl talyp lideri bolan 'kaloni baçakho' alyp bardy. Ol 'başga milletden bolan oglanlar bilen gatnaşyk etmegiň' gadagandygyny yglan etdi. Men olara 'Siz kim? Men seni hiç haçan görmändim we hatda adyňyzy hem bilemok' diýdim" diýip, ol ýatlaýar.
Onuň aýtmagyna görä, oglan munuň möhüm däldigini aýtdy. "Esasy zat, olara gulak asmalydygym, sebäbi olar meniň üçin 'dogan ýaly' we meni goramaly" diýip, ol täjik watandaşlarynyň sözlerini ýatlaýar. Soňra şol adamyň hatda gyzyň okan uniwersitetinde okamaýandygy belli bolupdyr.
Kamila ene-atasynyň halaşýany barada bilýändigini we onuň üçin öz jogapkärdigini düşündirmäge synanyşypdyr. Emma, gelen adamlar: "Bärde, biz seniň eneň-ataň" diýip, jogap beripdir.
Başga studentler hem Kamilla şuňa meňzeş wakalary gürrüň beripdir. Kamila täjik gyzlarynyň arasynda goňşy ýurtly bir ýaş ýigit bilen halaşýan täjik okuwçysy barada gürrüň edilendigini ýatlady. Onuň sözlerine görä, täjik watandaşlary bu gatnaşyk barada bilip, gyzy urup, onuň saçyny syrypdyr we öýüne ibermäge synanyşypdyr. "Mugallymlar bu barada wagtynda bilip, aeroporta baryp, ony alyp gidipdir" diýip, Kamilla aýdýar.
'Bu örän çynlakaý we giň ýaýran mesele'
Hytaýyň öňki uniwersitet talyplarynyň bu maglumatlary "Tell Me Sister" taslamasynyň ýakynda daşary ýurtlardaky täjik talyplarynyň öz watandaşlary tarapyndan resmi däl gözegçilikde saklanmagy meselesini gozgamagyndan soň peýda boldy.
Taslamanyň awtorlarynyň biri Farzona Saidzoda, bu temanyň özüne ýakyndygyny, täjik zenanlarynyň we gyzlarynyň hekaýalary bilen köp ýyllap işleşendigini aýdýar.
"Tell Me Sister" taslamasynyň çäginde alty ýyl bäri biz täjik zenanlaryna täsir edýän temalar boýunça bilim çärelerini geçirýäris. Biz, esasanam, tagmalanan we seýrek ara alnyp maslahatlaşylýan temalara üns berýäris" diýip, ol Azatlyk Aziýa aýtdy.
Farzonanyň aýtmagyna görä, ýaş aýallar köplenç aýyplanmakdan gorkup, başdan geçiren zorluklary ýa-da basyşlary barada açyk gürleşmekden saklanýarlar.
"Köpler dymmagy saýlaýarlar - olar bu barada gürleşmekden gorkýarlar ýa-da utanýarlar. Käwagt şeýle temalary gozganyň üçin olar hatda aýyplanýar" diýip, Farzona aýdýar.
Farzona dürli zorluk görnüşleri baradaky hekaýalar boýunça işlände, gaýtalanýan bir tema gözüne ilipdir: bu ýaş aýallara daşary ýurtlardaky watandaşlary tarapyndan gözegçilik edilmegine degişli bolupdyr.
"Diňe gözegçilik däl, eýsem şol bir howplar we basyş görnüşleri. Gyzyň kellesiniň syrylmagy baradaky jümle meni has-da haýran galdyrdy. Muny azyndan iki gezek dürli gyzlardan eşitdim" diýip ol aýdýar.
Şonda Farzona munuň aýry-aýry ýagdaýlar däldigine düşünipdir.
"Men munuň ulgamlaýyn meseledigini düşündim. Ol dürli ýurtlarda we birmeňzeş görnüşlerde gaýtalanýar" diýip ol belleýär.
Şondan soň, ol ilki tanyşlarynyň, synpdaşlarynyň we taslama abunaçylarynyň arasyndan gyz okuwçylaryň hekaýalaryny ýygnamaga başlapdyr. "Men gyzlardan bu hadysa duçar bolup-bolmandygyny sorap başladym. 90 göterimden gowragy "hawa" diýdi. Köpüsi öz hekaýalaryny paýlaşyp başlady" diýip, Farzona aýdýar.
Ilki bilen ol dürli ýurtlarda täjik gyz studentlerine edilýän azar-sütemler barada umumy ýazgy taýýarlamak isledi. Hekaýalaryň köpüsiniň Hytaý bilen baglanyşyklydygy mälim boldy.
"Gyzlaryň aglaba bölegi Hytaýda okady we bu ýagdaýlar şol ýerde boldy. Şonuň üçin men beýleki ýurtlarda hem şeýle ýagdaýlaryň bolýandygyny bilsem-de, Hytaý barada aýratyn maglumat taýýarlamagy makul bildim" diýip, ol düşündirýär.
Farzona iň uly täsir ýetiren zat, howplaryň tebigaty we ýaşlaryň özleriniň jeza almajagyna bolan ynamydy.
"Bu 'başyňy syrmak' diýmek - bu gyzyň nätanyş adamlar tarapyndan köpçülikleýin kemsidilmegidir. 'Seniň nähili hakyň bar? Sen kim?' diýersiňiz. Emma olar muny etmäge borçludygyny we şeýle hereket etmäge hukugynyň bardygyny pikir edýärler" - diýip, Farzona aýdýar.
Ol gyzlara howp salýanlaryň köpüsiniň pidalaryň "özlerini goramakdan, protest bildirmekden ýa-da şikaýat etmekden gorkýandygy" üçin hiç hili jogapkärçilik çekmejekdiklerine ynanýandygyny pikir edýär.
Habary taýýarlaýan wagty, ol takmynan on gyz bilen gürleşipdir, ýöne olaryň ähli hekaýalaryny goşup bilmändir.
"Käbirleri özleri barada däl-de, dostlary ýa-da tanyşlary barada gürlediler. Emma biz bu gyzlaryň hekaýalaryny çap etmek üçin razylygyny alyp bilmedik, sebäbi biz olar bilen aragatnaşygymyzy eýýäm ýitiripdik. Şonuň üçin, ahlak sebäplerine görä, biz bu hekaýalary goşmadyk" - diýip, ol düşündirýär.
Farzona bu tendensiýa barada umumy maglumat çap etmek kararyna geldi, basyş görnüşlerini beýan etdi we aýry-aýry mysallary getirdi. "Köp adam meňzeş hekaýalary paýlaşyp başladylar - hem şahsy habarlarda, hem-de teswirlerde. Meseläniň örän çynlakaý we giňden ýaýrandygy mälim boldy" - diýip, Farzona Saidzoda aýtdy.
'Bu aýallara höküm, gözegçilik etmek synanyşygy'
Aklawçy we gender boýunça bilermen Larisa Aleksandrowa daşary ýurtlardaky täjik gyz talyplaryna öz watandaşlary tarapyndan edilýän gözegçiligiň jemgyýetde kök uran patriarhal garaýyşlar we gender deňsizligi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyna ynanýar.
Onuň sözlerine görä, şeýle hereket "däp-dessurlary saklamak" ýa-da "gyzlara ideg etmek" bilen baglanyşykly däl, esasan hem aýallara höküm we gözegçilik etmek synanyşygydyr.
"Bu erkekleriň gyzlara gözegçilik etmäge hukugynyň bardygy baradaky düşünjesi. Esasan, halkara hukuk nukdaýnazaryndan bular namys jenaýatlarydyr. Şeýle işler gadagan edilýär, ýöne mesele, daşary ýurtlarda şeýle hereketler üçin suda çekmek has kyn" diýip, bilermen Azatlyk Aziýa bilen söhbetdeşlikde düşündirdi.
Ol gyz talyplara basyş etmegiň gender diskriminasiýasyndan we erkekleriň zulumkeşliginden gelip çykýandygyna ynanýar.
"Bu erkek patriarhal güýjüniň bir görnüşidir. Bularyň hemmesi gender diskriminasiýasynyň aşa ýüze çykmagy we ahlak ýa-da milli gymmatlyklar barada gürrüň etmegiň bu ýerde uly bir manysy ýok" diýip, Aleksandrowa belleýär.
Şeýle hem, ol ýaşlaryň öz hereketlerindäki goşa standartlara ünsi çekýär.
"Ýaş ýigitler agressiw hereket edende, gödek bolanda ýa-da talyplaryň özleriniň habar berşi ýaly, Hytaýda uniwersitet administratorlary bilen dawa başlanda, hiç kim olaryň 'milleti utandyrýandygyny' aýtmaýar. Görnüşi ýaly, olar deň-duşlaryna ýa-da özlerinden güýçli adamlara täsir edip bilmeýärler, gyzlary bolsa gözegçilikde saklamak we olara basyş görkezmek aňsat". Belki, bu ýaş ýigitleriň özleri öýde kemsidilen, söýülmedik adamlardyr we indi olar muny başgalara garşy ulanyp, agressiýa arkaly öwezini dolýarlar" diýip, bilermen aýdýar.
Ol şeýle hekaýalarda adam hukuklarynyň bozulmagynyň birnäçe görnüşiniň bardygyny nygtaýar: "Bu jyns taýdan kemsitmä, şahsy durmuşyň elden giderilmegine, şahsy giňişligiň bozulmagyna we namys jenaýatlaryna degişlidir".
Aleksandrowa şeýle hereketleriň ýaýramagynyň sebäpleri hökmünde konserwatiw garaýyşlaryň artmagyny, adam hukuklary we jyns deňligi babatda bilimiň ýetmezçiligini we "nesle geçýän" öý zorlugyny belläp geçýär. Şeýle ýagdaýlarda gyz talyplaryň özlerini nädip goramagynyň mümkindigini ara alyp maslahatlaşyp, bilermen diplomatik missiýalar bilen habarlaşmagyň kyn bolup biljekdigini boýun alýar.
Şeýle hem bilermen Hytaýyň hökümet edaralaryna ýüz tutmak üçin mehanizmleri ulanmagy maslahat berýär. "Hytaýyň Içeri işler ministrliginiň web sahypasy onlaýn ýüz tutma mümkinçiligini hödürleýär. Bu hem mümkinçilik" diýip, Aleksandrowa sözüniň üstüne goşdy.
Azatlyk Aziýa şeýle ýagdaýlarda daşary ýurtly zenan talyplaryny goramak mehanizmleri barada pikir sorap, Hytaýyň Täjigistandaky ilçihanasy bilen habarlaşdy. Makala neşir edilen wagtynda hiç hili jogap bolmady. Duşenbedäki Konfutsiý instituty hem teswir berip bilmedi.
Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda Hytaýda Täjigistandan takmynan 6000 talyp okaýar. Studentleriň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş gözegçilikler häzirki wagtda hem bar, ýöne has ýeňil görnüşde.