Gyrgyzystanda alkogola garşy göreş dowam edýär: gatnaşyjylar dükanlardan alkogol içgilerini satyn alýarlar, çüýşeleri açýarlar we dessine içindäkini uly bedrelere guýýarlar. Olar munuň "ýamanlyga" garşy göreşmek usullarynyň biridigini aýdýarlar. Ýaşlaryň litrläp piwo, arak, çakyr we wiski ýaly içgileri dökýän wideolary sosial mediada jedelleriň döremegine sebäp boldy. Käbirleri muny alkogolyň sarp edilişine täsir etmejek pul sarp edilişi diýip atlandyrsalar, beýlekiler bolsa alkogoly dürli betbagtçylyklaryň sebäbi hökmünde görkezip, bu göreşi goldaýarlar.
Näme üçin satmaly? Geliň, ony döküp göreliň!
Bu hereket kiçi bir azyk dükanynyň Bişkekde ýykylmak planynyň astyna düşmeginden soň başlandy. Dükanyň eýesi Kerim Žunuşow sosial media arkaly adamlardan ýitgileriň öňüni almak üçin galan harytlary satmaga kömek sorady. Kerimiň sözlerine görä, beýleki dükanlaryň satyjylary we hemişeki müşderiler jogap beripdir. Käbirleri ähli doňdurmany, beýlekileri bolsa konserwirlenen önümleri we kökeleri satyn alypdyr. Gysga wagtdan soň adamlar alkogol içgilerini hem satyn alyp başlapdyr.
"Köp adam maňa şeýle ýazdy: 'Näme üçin ony döküp, arakdan özüňiz dynmaýarsyňyz?' Men şeýle jogap berdim: 'Karzy nädip tölejek? Men puly karz alypdym.' Soňra olaryň biri maňa alkogoly ýok etmek üçin satmagy teklip etdi. Elbetde, men razy boldum" diýip, Kerim aýdýar.
Telekeçiniň aýtmagyna görä, tiz wagtdan bu başlangyç çagyryşa öwrülipdir. Kerim sosial mediada dükanyna gelip, alkogol satyn alýan we çüýşeleriň içindäkilerini derrew uly çeleklere döküp boşadýan adamlaryň wideolaryny ýerleşdirip başlady.
"Şeýlelik bilen, dostlar, biz bu ýerde alty müň som (69 dollar) bahasy bolan alkogol satyn aldyk. Biz hemmesini ýok etmek üçin çagyryşy dowam etdirýäris. Ýöne serediň, henizem köp alkogol galdy, şonuň üçin siz ony satyn alyp ýok edip bilersiňiz" diýip, çagyryşa gatnaşan bir ulanyjy öz wideosynda yzarlaýjylaryna ýüzlenýär.
Bu çärä diňe erkekler gatnaşmaýar. Wideolaryň birinde hijably bir aýal alkogol üçin 10 müň som (114 dollar) töleýär we Kerimden “dürli kynçylyklaryň sebäbini ýok etmegi” soraýar.
"Şeýlelik bilen, ony zibile taşlamak üçin 10 müň som geçirdik. Bu arak hiç ýere gitmez. Görkezilen bahadan hasaplanýar. Şonuň üçin, eziz Kerim, hemmesini şu ýere dökýär. Sebäbi muny satyn alan her maşgalada dawa-jenjel we galmagal ýüze çykyp biler, dürli kynçylyklar we betbagtçylyklar bolup biler. Şonuň üçin Kerim myrza muňa sebäpkär bolmaň" - diýip zenan aýdýar.
Şol pursatdan başlap, Kerim diňe "döküp ýok etmek" üçin alkogol satyp başlady. Ol munuň bir tarapdan dindar adamlaryň gowulyk hasaplaýandygyny, beýleki tarapdan bolsa, özüniň zyýan çekmeýändigini aýdýar. Telekeçi bu kampaniýanyň şeýle gyzyklanma döretmeginiň özi üçin garaşylmadyk ýagdaýdygyny boýun alýar. Adamlar ýörite alkogol üçin geldiler, ýöne ony içmek üçin satyn almadylar.
"Gatnaşyjylaryň köpüsi anonim gatnaşdylar. Olar gatnaşmagyny Instagramda paş etmezligi haýyş etdiler. Maňa pul geçirdiler, men bolsa ony dökdüm. 6000 somlyk alkogolyň satyn alnandygy baradaky wideoda iki sany uly 100 litrlik çelek bardy. Şeýlelikde, biz takmynan 200 litr alkogoly dökdük. Ol ähli görnüşleri öz içine aldy - arzan arakdan şampan we gymmat wiski ýaly içgilere çenli" diýip, Kerim belleýär.
Dökülen her bir çüýşe kimdir biriniň kyn güne düşmeginiň öňüni alyp bilermi?
Bu garaşylmadyk goldaw Kerim Žunuşowy öz işini gaýtadan gözden geçirmäge mejbur etdi. Indi ol dükanyny täzeden açsa, alkogolsyz boljakdygyny aýdýar.
"Elbetde, alkogol gowy girdeji getirýär, ýöne dini nukdaýnazardan bularyň hemmesi diňe sanlar. Ol jemgyýete has uly zyýan ýetirýär" diýip, Žunuşow pikir edýär.
Alkogolyň ýok edilmeginiň wideolary çalt meşhurlyk gazandy we sosial mediada gyzgyn jedelleri döretdi.
Bu başlangyjyň tarapdarlary alkogoly maşgala gapma-garşylyklarynyň, maşgala zorlugynyň, jenaýatçylygyň we ýol-ulag heläkçilikleriniň sebäbi hökmünde görkezýärler. Emma tankytçylar şeýle kampaniýalaryň bazar ýagdaýyny üýtgetmekde netijesizdigini belleýärler. Olar önüm öndürijileriň we üpjün edijileriň satylan harytlar üçin henizem girdeji alýandygyny, ýagny ykdysady taýdan şeýle kampaniýalaryň hiç hili täsiriniň ýokdugyny öňe sürýärler.
Bu çagyryşa açyk gatnaşanlaryň arasynda ýaş telekeçi Aýbek Kadyrbekow hem bardy. Wideoda ol başgalary hem onuň göreldesine eýermäge çagyrdy. Aýbek şeýle hereketleriň alkogol içgileriniň önümçiligini togtatmagynyň mümkin däldigini boýun alýar, ýöne ol "her bir weýran edilen çüýşe hiç kimiň gaýtadan içmejek çüýşesidir, bu bolsa kimdir biriniň soňra ökünjek hereketini etmejekdigini aňladýar" diýip pikir edýär.
"Men Yssyk-Kölden. Biziň obamyz Şor-Bulakda birnäçe ýyl mundan ozal aragyň satylmagyny gadagan etdiler. Bilýäňizmi, adamlar ony içmegi bes etdiler. Sebäbi eger ol el ýüzünde bolmasa, adamda ony içmek höwesi döremeýär. Meniň pikirimçe, bu tutuş Gyrgyzystana ýaýramaly. Eger alkogol satylsa, adamda höwes döräp ol dogry ýoldan çykýar. Eger dükanlar ony satmakdan ýüz öwürse, onda zawodlar olary öndürmegi bes eder" diýip, Aýbek Kadyrbekow öz çagyryşynyň sebäbini düşündirýär.
Gadaganlyk ýokardan däl-de, aşakdan gelýär. Alkogol buldozerler bilen ezilende...
Şeýle hereketler Gyrgyzystanda öň hem bolupdy. 2017-nji ýylda ýurduň birnäçe obasynyň ýaşaýjylary öz jemgyýetlerini alkogolsyz diýip yglan edip başladylar.
Oba ýaşaýjylary ýerli dükanlardan alkogol içgilerini satyn aldylar, olary meýdanlara daşadylar we agyr tehnikalar bilen ýok etdiler. Adamlar bu "haýyrly iş" üçin "elinden gelenini" etdiler. Şol bir wagtyň özünde dükan eýeleri "geljekde arak satmajakdyklaryna" söz berdiler.
"Hemmeler goşuldy. Käbirleri 100 som, beýlekileri 200 som berdi. Käbirleri hatda ýok ediljek alkogoly satyn almak üçin maly bilen töledi" diýip, şonda Naryn etrabynyň Emgekçil obasyndan aktiwist Žanybek Sopuýew žurnalistlere aýtdy. Onuň obasy alkogola garşy göreş kampaniýasynyň geçirilýän ýerlerinden biridi.
Aktiwist Emgekçilde alkogol satuwynyň henizem resmi däl gadagançylyk astyndadygyny öňe sürýär.
"Soňra ýerli häkimiýetler bize garşy çykyş etdiler. Olar: "Siziň ony gadagan etmäge hukugyňyz ýok" diýdiler. Şeýle hem, ony ýok etmegiň ýerine girdejini haýyr-sahawat işlerine bagyşlamagyň has gowy boljakdygyny aýdanlar hem bardy. Emma biz öz pikirimizde durduk. Bir ýyl soň ýerli häkimiýetler gadaganlygy aýyrmaga synanyşdylar we bizi söhbetdeşlige çagyrdylar. Aslynda, biz olaryň muny özleri üçin edýändigini, hiç bolmanda öýlerinde arak içmek isleýändigine düşündik. Biziň obamyzda alkogol satuwy henizem gadagan. Emma men bir dükanyň henizem gizlinlikde arak satýandygyny bilýärin. "Umuman, obamyzyň has asuda bolandygyny aýdyp bilerin - serhoş dawa-jenjeller, goh-galmagallar we gapma-garşylyklar ýok" diýip, Žanybek Sopuýew belleýär.
Adamlar az içip başladymy?
Emma, bu protestleriň töweregindäki jedeller dowam edýär. Käbirleri muny raýat başlangyjynyň mysaly diýip atlandyrsalar, beýlekileri ony manysyz goh hökmünde ret edýärler. Žurnalist we media boýunça bilermen Miržan Balybaýew alkogoly görkezip ýok etmegi göreş usuly däl-de, çagyryş hökmünde häsiýetlendirýär.
"Alkogol sarp edilişini şeýle azaltmak — meniň pikirimçe, örän şübheli usul" diýip, Balybaýew belleýär. "Esasy zat adamyň islegidir. Eger adamyň alkogol içmäge islegi ýok bolsa, ol hiç haçan içmez, hatda ähli dükanlar poldan potologa çenli alkogol bilen doldurylsa-da. Ýagny, bu diňe adam faktory we biz Sowet Soýuzynda, Gorbaçowyň gadagançylygy döwründe gadagançylyk çärelerini başdan geçirdik. Alkogol önümçiligini azaltmak alkogolizmiň azalmagyna getirmedi. Adamlar serhoş bolmagyň ýollaryny tapdylar."
Žurnalist Miržan Balyýewiň pikiriçe, häzirki kampaniýa jemgyýetde dörän üýtgeşikligi görkezýär. Ol häzirki wagtda Gyrgyzystandaky adamlaryň, mysal üçin, 1990-njy ýa-da 2000-nji ýyllardakydan has az içýändigine ynanýar. Onuň pikiriçe, bu meýil, esasan, ýurtda musulman dinine ynanýanlaryň, esasanam ýaşlaryň arasynda köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.
"Gyrgyzystanda alkogolyň sarp edilişi azalýar. Muny käbir alkogol öndürijileriniň özlerinden eşitdim. Esasan dini sebäplere görä. Her ýyl musulman dinine eýerýänleriň sany, esasanam ýaşlaryň arasynda artýar. Bu bolsa obýektiw ýagdaý. Alkogolsyz baýramçylyklar, maşgala dabaralary we hatda resmi çäreler alkogolsyz geçirilýär. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, ony köpçülikleýin ýok etmek we alkogoly görkezip dökmek çagyryşdyr. Şeýle çäreler bolmasa-da, alkogolyň sarp edilişi eýýäm ep-esli azaldy we azalmagyny dowam etdirýär" diýip, Mirjan Balybaýew öz synlaryny paýlaşýar.
Ykdysadyýet ideologiýa garşy: "Isleg bolsa, teklip hem bolar"
Ykdysatçy Kaýrat Itibaýewiň pikiriçe, 1990-njy ýyllaryň ahyryndan soň doglan nesil, hakykatdanam, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlamaga, az çilim çekmäge we az alkogol içmäge meýilli - şol sanda dini sebäplere görä. Emma bazaryň kanuny şeýle diýýär: "Isleg bolsa, teklip hem bolar".
"Zoomerler häzir sagdyn durmuş ýörelgesini — alkogolsyz, çilimsiz bolmagy goldaýarlar. Bu bir tendensiýa. Emma men alkogoly ýok etmek boýunça hereketi birneme şowhunly diýip atlandyrardym. Ykdysatçy hökmünde, satyjy üçin näme satýandygy möhüm däl diýerdim. Olar näme satylýan bolsa şony satarlar — bu birinji. Ikinjiden, elbetde, satyjy: "Bolýar, men ony indi satmaryn" diýip biler. Olar onuň ýerine näme satarlar? Käbir dini harytlarymy? Goý, olary satsynlar; eger olar isleg döretse, onda mesele ýok. Bu has köp jemgyýetçilik hereketine meňzeýär. Şeýlelik bilen, olar jemgyýete alkogol sarp etmegiň nädogrydygyny; erbetdigini görkezýärler. Emma erkin jemgyýetde ýaşaýandygymyz üçin alkogol içýän adamlar hem bar. Her kimiň saýlamaga hukugy bar" diýip, ykdysatçy düşündirýär.
Gyrgyzystan dünýewi döwlet bolup, ýurtda alkogolyň öndürilmegine we satylmagyna kanun tarapyndan rugsat berilýär. Azatlyk Aziýa belli piwo öndürýän kompaniýanyň wekillerinden alkogola garşy göreş baradaky garaýyşlary barada pikirlerini almaga synanyşdy. Olar gürleşmekden boýun gaçyrdylar.
Emma synçylar spirtli içgileri ýok etmek üçin satyn almagyň, ony içmegiň ýa-da asla satyn almazlygyň şahsy karardygyny belleýärler.