Russiýanyň Başkortostan respublikasynyň Baýmak şäherinde polisiýa müňlerçe demonstranty gazaplylyk bilen dargatdy. Protestçiler belli aktiwist Fail Alsynowyň dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegine garşy çykypdylar.
Alsynow ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol we onuň goldawçylary aýyplamanyň syýasy matlaplydygyny aýdyp, ony ret etdiler.
Protestçiler 17-nji ýanwarda suduň çykaran tussaglyk hökümine nägile boldylar.
Bu protest çäresi Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladan doly gerimli urşundan bäri, Russiýada geçirilen iň iri demonstrasiýalaryň biri boldy.
Alsynow 2023-nji ýylyň aprelinde Başkortostanda altyn käni baradaky planlara garşy geçirilen protestde eden çykyşy üçin aýyplandy.