Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Başkortostanly aktiwist dört ýyl türmä höküm edildi


Fail Alsynow (arhiw suraty)
Fail Alsynow (arhiw suraty)

Russiýanyň Başkortostan respublikasynyň Baýmak şäheriniň etrap sudy aktiwist Fail Alsynowy ýigrenji öjükdirmekde günäli tapyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. 17-nji ýanwarda diňlenişigiň geçen mahaly, ýüzlerçe adam suduň binasynyň daşynda toplanyp, aktiwiste goldawyny äşgär etdiler.

Aslynowa bildirilen aýyplamalar onuň geçen ýyl geçirilen ýörişiň dowamynda hökümetiň golaý obalaryň biriniň golaýynda altyn känini açmak planlaryna garşy çykyp, munuň hem migrant işçilerini getirjekdigi baradaky çykyşy bilen ilteşikli.

Alsynow özüne bildirilen aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret etdi.

15-nji ýanwarda Alsynowyň müňlerçe goldawçysy suduň binasynyň daşynda ýöriş geçirip, onuň aklanmagyny talap etdiler.

XS
SM
MD
LG