Russiýanyň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin Russiýanyň raýatlygyny alan migrantlaryň Ukrainada uruşmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, pasportlarynyň ellerinden alynmalydygyny, raýatlyklarynyň ýatyrylmaldygyny aýtdy.
"Eger-de Russiýa Federasiýasynyň raýaty bolup, öz harby borjuny ýerine ýetirmäge taýyn däl bolsa, ol adamlar Russiýanyň raýatlygyndan mahrum edilmeli" diýip, Komitetiň metbugat gullugy 19-njy oktýabrda Bastrykiniň aýdan sözlerini sitirledi.
Howpsuzlyk güýçleri awgust aýynda rus raýatlygyny alan we harby gulluga ýazylmadyk erkekleri gözlemek üçin Russiýanyň birnäçe sebitinde reýd geçirdiler. Polisiýa işgärleri olara gyssagly ýagdaýda harby komissarlyklara barmak barada ýazylan çakylyk hatlaryny gowşurdylar ýa-da tutup, şol ýeriň özünde harby kazarmalara äkitdiler.