Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi Ukraina ýardam bukjasynyň Kongresde kabul ediljekdigine ynam bildirýär

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (ortada) 30-njy ýanwarda ABŞ-nyň Kapitol binasynda respublikan we demokrat kanun çykaryjylar bilen duşuşýar. Waşington,ABŞ.
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (ortada) 30-njy ýanwarda ABŞ-nyň Kapitol binasynda respublikan we demokrat kanun çykaryjylar bilen duşuşýar. Waşington,ABŞ.

Kiýewe sapar edýän ýokary derejeli ABŞ resmisi Ukraina üçin täze ýardam bukjasynyň Kongresde kabul ediljekdigine ynam bildirdi. Waşingtonda senatorlar uruşdan ejir çekýän ýurda bölünip beriljek $61 milliard möçberindäki ýardam bukjasy babatynda ikipartiýaly ylalaşygy gutarnykly tamamlamaga çalyşýar.

“Ukraina üçin ikipartiýaly goldaw tutuş ýurt boýunça güýçli bolmagynda galýar” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoriýa Nuland ukrain liderleri bilen geçiren gepleşiklerinden bir gün soňra, 31-nji ýanwarda žurnalistlere aýtdy.

“Men şol düşünişmek ýagdaýynyň prezidentiň bu haýyşnamasy boýunça Kongresde geçiriljek ses berişlikde şöhlelenjekdigine berk ynanýaryn” diýip, ol aýtdy.

Ukraina Russiýanyň ikinji ýyl dönümine golaýlap barýan çozuşyny yza tesdirmek üçin, Günbatar ýaranlarynyň, hususan-da, Birleşen Ştatlaryň hemaýatyna garaşly bolup galýar.

Respublikanlar we demokratlar Ukraina, Ysraýyl we Taýwan ýardamlaryny hem öz içine alýan has iri çykdajy bukjasynyň bir bölegi bolan immigrasiýa maliýeleşdirmesi we reforma boýunça ylalaşyp bilmeýär.

Taraplar sentýabr aýyndan bäri öz aralaryndaky tapawutlar babatynda ylalaşyp bilmeýär, bu ýagdaý Russiýanyň gündogardaky hüjümlerini güýçlendirýän wagtynda, ABŞ harby ýardamlarynyň Ukraina iberilmegine täsir edýär.

Kongres Ukraina bölünip berlen 45 milliard dollar möçberindäki maliýe, ynsanperwer we harby ýardamlary 2022-nji ýylyň ahyrynda tassyklady, ýöne bu maliýe serişdeleri gutaryp barýar. Häzirki wagtda Ukrainanyň ok-därileri gutaryp barýar, bu bolsa, Kongresdäki berk Ukraina goldawçylarynyň arasynda alada döredýär.

Senatyň köplük lideri Çak Şumer (Chuck Schumer) Kongresdäki irdenki çykyşynda, “Ukrainanyň aman galmagy howp astynda” diýip, duýduryş berdi. Senatyň respublikan lideri Mitç Makonnel (Mitch McConnell) “biziň çaltlyk bilen Ysraýyla we Ukraina ýardam bermegimiz zerur” diýdi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Kongresi ýardam bukjasyny tassyklamaga höweslendirmek üçin 31-nji ýanwarda Waşingtonda boldy. Ol konserwatiw aň-düşünje guramasy bolan “Miras” gaznasynda (Heritage Foundation) eden çykyşynda Wladimir Putiniň hyjuwlarynyň diňe bir Ukraina bilen çäklenmejekdigini aýtdy.

Ol rus prezidentiniň “Russiýanyň täsir giňişligini gaýtadan esaslandyrmaga we alternatiw dünýä tertibini şekillendirmäge” niýetlenýändigini aýtdy.

Söweş meýdany barada aýdylanda, rus raketalary Harkow sebitinde bir keselhana zarba urdy, zeper ýetmelere sebäp boldy.

Ýok edilen şäherler. Uruş başlamazdan öň we soň oba-şäherleriň suratlary

Mariupol rus goşunlary eýeläninden soň, 2022-nji ýylyň aprel aýynda.
1/12 Mariupol rus goşunlary eýeläninden soň, 2022-nji ýylyň aprel aýynda.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
2019-njy ýylyň suratynda Mariupolyň merkezi. Şol döwürde şäheriň ilaty 420 müňden gowrakdy.
2/12 2019-njy ýylyň suratynda Mariupolyň merkezi. Şol döwürde şäheriň ilaty 420 müňden gowrakdy.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
2023-nji ýylyň iýunynda Bahmut harabaçylygy. Geçen ýylyň iýulynda, şäherde 518 ýerli ýaşaýjy galdy, häzir ol sanyň has az bolmagy mümkin.
3/12 2023-nji ýylyň iýunynda Bahmut harabaçylygy. Geçen ýylyň iýulynda, şäherde 518 ýerli ýaşaýjy galdy, häzir ol sanyň has az bolmagy mümkin.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
Donetsk sebitindäki Bahmut şäheri Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli hüjümlerinden öň ýany. Şol döwürde şäheriň ilaty 70 müňden gowrakdy.<br />
&nbsp;
4/12 Donetsk sebitindäki Bahmut şäheri Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli hüjümlerinden öň ýany. Şol döwürde şäheriň ilaty 70 müňden gowrakdy.
 
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
Donetsk oblastynyň Marinka şäheriniň merkezi meýdançasy. Surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda düşürildi. Şol döwürde şäherde 9357 ilat ýaşaýardy. Häzir ýaşaýjy ýok. Şäher jaýlaryndan hem aýry-aýry gurluşyklardan diňe harabaçylyk galdy.<br />
<br />
&nbsp;
5/12 Donetsk oblastynyň Marinka şäheriniň merkezi meýdançasy. Surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda düşürildi. Şol döwürde şäherde 9357 ilat ýaşaýardy. Häzir ýaşaýjy ýok. Şäher jaýlaryndan hem aýry-aýry gurluşyklardan diňe harabaçylyk galdy.

 
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
2023-nji ýylyň maý aýynda Marinkanyň etegindäki weýran edilen obalar. Marinka geçen ýylyň dekabrynda, rus goşuny tarapyndan basylyp alyndy. &nbsp;Şol wagtda, Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdebaşysy Waleriý Zalužnyý &quot;ol şäher indi ýok&quot; diýipdi.
6/12 2023-nji ýylyň maý aýynda Marinkanyň etegindäki weýran edilen obalar. Marinka geçen ýylyň dekabrynda, rus goşuny tarapyndan basylyp alyndy.  Şol wagtda, Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdebaşysy Waleriý Zalužnyý "ol şäher indi ýok" diýipdi.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
Donetsk oblastynyň Wugledar şäherine girelgedäki stela. Russiýanyň Ukraina garşy urşa başlamazdan öň, bu şäher kömrüň gazylyp alynýan we onuň işlenýän merkezleriniň biridi. 2022-nji ýylda şäherde 14 müň adam ýaşaýardy.
7/12 Donetsk oblastynyň Wugledar şäherine girelgedäki stela. Russiýanyň Ukraina garşy urşa başlamazdan öň, bu şäher kömrüň gazylyp alynýan we onuň işlenýän merkezleriniň biridi. 2022-nji ýylda şäherde 14 müň adam ýaşaýardy.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
2023-nji ýylyň fewralynda, Wugledaryň ýokardan görnüşi. Uruş döwründe şäher düýbi bilen weýran edilse-de, Russiýa tarapyndan basylyp alynmady. Geçen ýylyň fewralynda, bu ýerde 500-e golaý ýerli ýaşaýjy galypdy. 2023-nji ýylyň tomsunda olar 100 adama çenli azaldy.
8/12 2023-nji ýylyň fewralynda, Wugledaryň ýokardan görnüşi. Uruş döwründe şäher düýbi bilen weýran edilse-de, Russiýa tarapyndan basylyp alynmady. Geçen ýylyň fewralynda, bu ýerde 500-e golaý ýerli ýaşaýjy galypdy. 2023-nji ýylyň tomsunda olar 100 adama çenli azaldy.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
Uruş başlamazdan öň, Luhansk oblastynyň Prywilliýa şäheriniň etegindäki jaýlar. 2019-njy ýylda ol ýerdäki ilatyň sany 7 müňe golaýdy. Surat 2022-nji ýylyň aprel aýynda düşürildi.
9/12 Uruş başlamazdan öň, Luhansk oblastynyň Prywilliýa şäheriniň etegindäki jaýlar. 2019-njy ýylda ol ýerdäki ilatyň sany 7 müňe golaýdy. Surat 2022-nji ýylyň aprel aýynda düşürildi.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
Uruş başlanyndan birnäçe aý geçensoň, ýaşaýyş jaýlaryň harabaçylygy, surat 2022-nji ýylyň iýun aýynda düşürildi. Şol döwürde rus goşunlary Prywilliýa şäherini basyp alandyklaryny aýtdylar.
10/12 Uruş başlanyndan birnäçe aý geçensoň, ýaşaýyş jaýlaryň harabaçylygy, surat 2022-nji ýylyň iýun aýynda düşürildi. Şol döwürde rus goşunlary Prywilliýa şäherini basyp alandyklaryny aýtdylar.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
2009-njy ýylda düşürilen suratda, Donetsk oblastynyň Bohorodiçne obasyndaky ybadathana<br />
<br />
&nbsp;
11/12 2009-njy ýylda düşürilen suratda, Donetsk oblastynyň Bohorodiçne obasyndaky ybadathana

 
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
Şol obanyň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda düşürilen suraty. 2001-nji ýylda bu ýerde 794 adam ýaşapdyr, häzir oba doly diýen ýaly weýran edilipdir.
12/12 Şol obanyň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda düşürilen suraty. 2001-nji ýylda bu ýerde 794 adam ýaşapdyr, häzir oba doly diýen ýaly weýran edilipdir.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
Previous slide
Next slide

Rus raketalary Ukrainanyň gündogar Harkow sebitiniň Welikiý Burluk ilatly ýerinde bir keselhana zarba urdy, zeper ýetmelere getirdi, ýöne adam pidalary bolmady diýip, sebit häkimi Oleh Synýehubow 1-nji fewralda irden habar berdi.

Synýehubow 31-nji ýanwarda giçlik “gönükdirilen raketalaryň raýat keselhanasyna zarba urandygyny” Telegramda ýazdy.

“Keselhananyň işgärleri howa hüjüm duýduryşyna dessine jogap berip, şol wagt desgada bolan 33 hassanyň ählisini hem-de bäş işgäri ewakuasiýa etmegi başardylar” diýip, ol aýtdy. “Binanyň daş ýüzüne, penjirelere we üçege zyýan ýetdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu aralykda, Russiýa üç serhetýaka sebitde 11 sany ukrain dronuny urup ýykandygyny aýdýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi özüniň howa hüjümlerinden goranyş güýçleriniň 1-nji fewralda Russiýanyň Belgorod, Kursk we Woronež serhet sebitlerinde Ukrainanyň 11 sany pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy. Ol adam pidalaryny ýa-da maddy zyýany agzamady.

Ministrlik 31-nji ýanwarda özüniň basylyp alnan Kryma atylan 20 sany ukrain ganatly raketasyny urup ýykandygyny aýtdy. Ol raketa bölekleriniň Sewastopolyň demirgazygyndaky bir harby meýdança gaçandygyny aýtdy.

Bu sebitde Russiýanyň Belbek harby howa bazasy ýerleşýär, ýöne onuň ady agzalmady.

“Uçar enjamlaryna zeper ýetmedi” diýip, ol aýtdy.

Ukraina Russiýadaky hüjümlere öz gatnaşygynyň bolandygyny ret edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG