Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Iordaniýada öldürilen ABŞ-nyň üç esgeri üçin “jogap beriljekdigini” aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň, Siriýanyň serhediniň golaýynda, Iordaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky ýerleşen bazasyna dronlar bilen hüjüm edilip, üç gullukçynyň öldürilmegine jogap beriljekdigini aýtdy. Ol hüjümi Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçi toparlarynyň amal edendigini aýtdy.

Baýden hüjümiň 27-nji ýanwarda bolandygyny aýtdy, emma hadysada ejir çekenler barada takyk maglumat bermedi. Ýöne soňundan ABŞ resmileri azyndan 34 gullukçynyň beýni şikesleri bilen hasaba alnandygyny aýtdylar.

“Öten agşam Ýakynda Gündogarda agyr güni geçirdik. Biz bazalarymyzyň birine edilen hüjümde gahryman üç jany ýitirdik” diýip, Baýden 28-nji ýanwarda Günorta Korolina eden saparynyň dowamynda aýtdy, we “biz muňa jogap bereris” diýip, sözüne goşdy.

Ol 28-nji ýanwarda eden aýry başga bir beýanatynda hüjümiň “Eýran tarapyndan goldanylýan Siriýadaky we Yrakdaky radikal jeňçi toparlary” tarapyndan amal edilendigini hem belledi.

29-njy ýanwarda Eýran hüjümler bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy. Tährandaky Daşary işler ministrlik bu aýyplamalary “esassyz” diýip atlandyrdy we regiondaky “garşy duruş toparlarynyň” Tährandan görkezme almaýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG