22-nji fewralda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Kaliforniýada Alekseý Nawalnynyň aýaly we gyzy bilen duşuşyp, “çyn ýürekden gynanjyny bildirdi” diýip, Ak tam habar berdi.
Beýanatda bellenilşi ýaly, Baýden duşuşygyň dowamynda Nawalnynyň “mertliginiň, korrupsiýa garşy göreşiniň, şeýle-de kanunyň hökmürowanlygynyň her kime degişli boljak azat we demokratik Russiýa ugrundaky tagallalarynyň” özünde galdyran täsileri barada nygtap geçipdir.
Mundan başga-da, Baýden Nawalnynyň ölümi, Russiýanyň repressiýalary, şeýle-de Ukrainadaky alyp barýan urşy we ýowuzlygy sebäpli, Russiýa garşy täze sanksiýalaryň yglan ediljekdigini mälim etdi.