ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşan wagtynda Waşingtonyň Ukrainany rus çozuşyna garşy göreşde näçe wagt zerur bolsa, şonça wagt hem goldajakdygyny aýtdy.
Baýdeniň sözlerine görä, Kiýewe kömek berilmese, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ukrain territoriýasy bilen çäklenmez.
“Tutuş Ýewropa howp abanýar we biz munuň amala aşmagyna ýol bermeris. Birleşen Ştatlar Ukraina bilen egin-egne berip dur. Ýene bir gezek aýdasym gelýär - biz hiç ýere gitmeris” diýip, Baýden nygtady.
Makron hem öz gezeginde Baýdene we Birleşen Ştatlara Ukraina eden kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi we, Ýewropanyň “howpsuzlygyny we durnuklylygyny” howp astyna salan uruş barada Waşington bilen Parižiň pikir-garaýyşlarynyň meňzeşdigini belledi.
Fransiýanyň prezidenti Ukraina kömek meseleleriniň indiki hepde Italiýada geçiriljek G7 sammitinde we Şweýsariýada geçiriljek Ukraina konferensiýasynda hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Makron duşuşyga gatnaşýan G7 ýurtlarynyň Ukraina 50 milliard dollarlyk kömek bermek baradaky borjuny tassyklajakdygyna umyt bildirdi.
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz hem şu gün şuňa meňzeş beýanat etdi. Ol sosial ulgamda, X platformasynda Ukrainanyň özüni tabyn bolmaga mejbur etdirmejekdigini aýtdy.
“Putin muňa ahyr netijede boýun bolmaly. Ukraina üçin diňe adalatly dünýä bolup biler. Bu adalatly dünýä üçin biz ýadawsyz işleýäris" diýip, Şols aýtdy.