Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Müsüriň we Kataryň liderleri bilen Gazadaky “pajygaly we alada dörediji hadysany” maslahatlaşdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 29-njy fewralda Gazanyň demirgazygynda ýüzden hem aşa palestinalynyň ölümini Müsüriň we Kataryň liderleri bilen maslahat etdi. Bu barada Ak Tam habar berdi.

Gazanyň saglyk resmileri palestinalylar azyk hemaýatyny almak üçin nobatda duran mahaly, olaryň 112 sanysynyň Ysraýylyň güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigini aýtdylar. Emma Ysraýyl pidalaryň köpüsiniň hemaýaty getiren ýük ulaglaryny talamakçy bolandygyny aýtdy.

Baýden we beýleki liderler “asuda ilatyň heläk bolmagyna gynanç bildirdiler”, şeýle-de bu hadysa zamunlary azat etmek we ok atyşyklary bes etmek boýunça gepleşiklere başlamagyň zerurlygyny nygtady diýip, Ak Tam aýtdy.

XS
SM
MD
LG