Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden NATO-ny we Ukrainany gorajakdygyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (sagda), 11-nji iýul, 2024.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (sagda), 11-nji iýul, 2024.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 11-nji iýulda Waşingtonda geçirilen NATO sammiti tamamlanandan soň, köp garaşylan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina garşy başlan giň gerimli urşuna gaýtawul bermek üçin zerur bolan hyzmatdaşlyk tagallalaryny gurjakdygyny nygtady we “NATO-ny kuwwatly saklajakdygyny” aýtdy.

"NATO-nyň möwriti geçdi diýip pikir edýänler [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin Ukraina çozanda, gödek oýaryldylar" diýip, Baýden aýtdy.

Sekiz minutlyk açyş sözünde, prezidentliginiň ikinji möhletine dalaş etmeginiň açyk sorag astyna alynýan mahalynda, köplenç kampaniýa çykyşyna meňzän ýüzlenmesinde Baýden özüniň dünýä Russiýanyň duldegşir goňşusyna çozjakdygyny duýduryp, oňa garşy çykmak üçin hyzmatdaşlar koalisiýasyny gurmagyna ýokary baha berdi.

Baýden Putiniň Ukraina “bir hepdeden hem az wagt içinde ýykylar” diýip pikir edendigini, emma bu ýurduň “şindem aýak üstünde durýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de, ol "indi bu urşy soňlamak" üçin ähli zady etjekdigini aýtdy.

Metbugat öňündäki çykyşa Baýdeniň iki hepde öň noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawynda bäsleşjek respublikan bäsdeşi Donald Tramp bilen çekeleşikde eden şowsuz çykyşynyň netijelerini ýeňip geçmegiň möhüm pursady hökmünde garaldy.

81 ýaşly Baýdeniň 27-nji iýunda geçirilen çekişmede ýadaw görünmegi we ýalňyş sözleri onuň Trampy ýeňip biljekdigi ýa-da ýeňiş gazanan ýagdaýynda ikinji möhletde prezident wezipesini ýerine ýetirip biljekdigi baradaky şübheleri güýçlendirdi.

Netijede, demokratik tarapdarlaryň we saýlanan resmileriň arasynda Baýdeniň saýlaw kampaniýasyny bes etmegi baradaky çagyryşlar artdy, ýöne ýokary derejeli partiýa işgärleri onuň ikinji möhlete saýlanmak tagallasyna berýän goldawlaryny dowam etdirdiler.

Žurnalistleriň 50 minutlyk sorag-jogap sessiýasynda ýene bir möhlete ýarap-ýaramajakdygy barada berlen soraga Baýden kampaniýasyny dowam etdirjekdigini, newrologik barlaglaryň “ýagdaýynyň gowudygyny” görkezendigini, özüniň Birleşen Ştatlary “dolandyrmak üçin ýokary derejede taýýarlyklydygyny” aýdyp jogap berdi.

Sammitden soň, bileleşigiň Ukrainanyň Russiýa garşy özüni goramak tagallalaryna goldawyny artdyrmagy bilen, NATO Hytaýy Moskwanyň uruş tagallalarynyň "aýgytly ýardamçysy" diýip atlandyrdy. Baýden geljekde, Russiýanyň prezidenti Putin ýa-da Hytaýyň prezidenti Şi Szinpin bilen gepleşik geçirilen ýagdaýynda, özüniň häzir we öňdäki üç ýylda olar bilen gürleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, "eger-de öz gylyk-häsiýetini üýtgetmäge taýyn bolmasa", ol özüniň Putin bilen gürleşmäge taýýar däldigini aýtdy.

"Mesele şunda, biziň Russiýany bu golaýlarda düýpgöter üýtgedip bileris diýen pikirimiz başa barjaga meňzemeýär” diýip, Baýden aýtdy.

"Ýöne bir zat belli, eger biz Russiýanyň Ukrainada üstünlik gazanmagyna ýol bersek, olar Ukrainda durmazlar” diýip, ABŞ prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, Baýden Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň Russiýanyň çägine has çuň zarba urmagyna rugsat bermek meselesine seresaply çemeleşjekdigini aýtdy.

Bu sözler ukrain prezidenti Zelenski NATO ýolbaşçylaryna ýüzlenip, eger-de olar Ukrainanyň Russiýanyň basybalyjy güýçlerini ýeňenini görmek islese, berlen ýaraglaryndan peýdalanyp, Kiýewiň Russiýanyň çägine has çuň hüjüm etmegine girizilen çäklendirmeleriň ählisini aýryrmagy talap edeninden soň aýdyldy.

Birleşen Ştatlar maý aýynyň başynda Kiýewe, Ukrainanyň Harkowyň golaýyndaky uly rus hüjümine gaýtawul bermegine kömek etmek üçin, ABŞ ýaraglaryny Russiýanyň serhediniň edil aňyrsyna zarba urmakda ulanmak rugsadyny berdi.

Baýden bir gün öň Zelenski bilen bolan duşuşygynda, Russiýany ýeňmäge kömek etmek üçin, Ukraina beriljek täze kömegi yglan etmekden hoşal bolandygyny aýtdy.

"Biz siz bilen bile durarys” diýip, Baýden ikitaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasynda aýtdy.

Birleşen Ştatlar biraz soň Ukraina 225 million dollarlyk harby enjam iberjekdigini habar berdi. Bu aprel aýynda ýoly açylan 61 milliard dollarlyk kömek bukjasy tassyklanaly bäri iberilýän sekizinji kömek bolýar. Iň soňky kömekde “Patriot” raketa batareýasy, uçara garşy ulgamlar we ok-däriler, şeýle-de artilleriýa oklary we raketalar bardy.

Forum

XS
SM
MD
LG