Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Netanýahua ýene Rafadaky parahat ilatyň goralmalydygyny aýtdy


Arhiw suraty. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gürleşýär
Arhiw suraty. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gürleşýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 15-nji fewralda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahua, Palestinanyň asuda adamlaryny goramak üçin ygtybarly we ýerine ýetirip boljak meýilnamasy bolmazdan, onuň Rafadaky harby hereketi dowam etdirmeli däldigini ýene bir gezek aýtdy diýip, Ak tam habar berdi.

Bu bir hepdeden hem az wagtyň içinde edilen ikinji çagyryş bolup, Baýden Netanýahua ol ýerde pena tapan 1 million töweregi adamyň howpsuzlygyny üpjün etmezden, Gaza zolagynyň günorta böleginiň içine girmezlik barada duýduryş berdi.

Şeýle-de, olar zamun alnan adamlar barada alnyp barylýan gepleşikleriň gürrüňini etdiler, Baýden zamun alnanlary boşatmak üçin dyngysyz işlemegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG