Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus hökümdary: “Wagneriň” başlygy Prigožin Russiýada


 Ýewgeniý Prigožiniň
 Ýewgeniý Prigožiniň

Belarusyň hökümdary Aeaksandr Lukaşenka hakyna tutulan söweşijileriň “Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožiniň nökerleriniň Belarusdaky düşelgelerinde bolýandygyny, emma onuň özüniň Belarusda gysga wagt bolanyndan soň yzyna dolanandygyny, ýagny Russiýa gidendigini aýtdy.

Bu habary Belarusyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy BelTA çap etdi.

"Maňa habar berilmegine görä", “Wagner” söweşijileri öz hemişelik lagerlerinde galýar” diýip, BelTA Belarus hökümdarynyň 6-njy iýulda aýdan sözlerine salgylandy.

"Ýewgeniý Prigožin Sankt-Peterburgda" diýip, Lukaşenka aýtdy.

XS
SM
MD
LG