Belarus wekiliýeti 14-20-nji mart aralygynda ýurduň bazaryna girmäge taýýarlyk görmek üçin Türkmenistana sapar etdi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” bu habary ýurduň Söwda-senagat palatasynyň Minsk bölümine salgylanyp çap etdi.
Wekiliýet Belarusyň Turkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurny bilen duşuşyp, sebitde netijeli iş alyp barmak üçin esasy meseleleri - hukuk taraplaryny, üpjünçilik zynjyrlaryny we töleg şertlerini ara alyp maslahatlaşdy.
Gepleşikleriň netijelerine görä, Belarus kolbasalaryny we alkogol içgilerini türkmen bazaryna ibermek ylalaşygyna gelindi, türkmen miwelerini we gök önümlerini satyn almak meseleleri işlenip düzüldi, türkmen banklarynyň IT ulgamlarynda belarus programma üpjünçiligini ornaşdyrmak barada gepleşikler geçirildi.
Şeýle-de, wekiliýet Aşgabadyň dokma toplumyna, Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň kärhanalaryna baryp gördi, taraplar Söwda-senagat palatasynda göni üpjünçilik we B2B formatyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.