Hökümet tankytçylaryny we syýary garşydaşlary psihiatriýa edaralarynda saklamak öňki Sowet blogyna girýän zalym hökümetler tarapyndan uzak wagtlap ulanylýan usul boldy. Hukuk goraýjylaryň we lukmanlaryň pikiriçe, jeza beriş psihiatriýasynyň bu mirasy Belarusda häzir täzeden janlandy.
Belarusly adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan syýasy tussag diýlip ykrar edilen adamlaryň azyndan 22 sanysynyň mejbury ýagdaýda, ruhy hassahanalarda bejergi alýandygy habar berilýär. Bu çäre olaryň ýurduň adaty türme ulgamynyň daşynda, möhletsiz tussaglyga sezewar bolmagyna hem getirip biler.
Olaryň bildirilen aýyplamalar, aýdylmagyna görä, hökümet resmilerini kemsitmek, häkimiýetler tarapyndan ekstremist hasaplanýan işlere ýardam bermek, döwlet baýdaklaryny goparyp aýyrmak we terrorçylyk bilen baglanyşykly düzgün bozmalary öz içine alýar.
Adaty türme jezalaryndan tapawutlylykda, mejbury psihiatrik bejerginiň öňünden kesgitlenen we belli bir tamamlanyş möhleti ýok.
Bu hili bejerişi almaly edilenler beýleki tussaglar ýaly rehim-şepagatdan, amnistiýalardan ýa-da günä geçişlerden hem peýdalanyp bilmeýär.
"Bu adamlar şu hili "çal zolakda". Men olara hatda "gara zolakda" saklanýar hem diýerdim" diýip, psihiatr hünäri boýunça bilim alan, öň türme lukmany bolup işlän Wasil Zawadski aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjylar 2020-nji ýyldan bäri mejbury psihiatrik bejergiden, ruhy hassahanadan boşadylan syýasy tussagyň bolmandygyny bilýändiklerini aýdýarlar.
Jenaýat işinden psihiatrik tussaglyga çenli
Bu meselede iň belli işleriň biri Andreý Zeltsaryň aýaly Mariýa Uspenskaýa bilen baglanyşyklydyr. Zeltsar 2021-nji ýylyň sentýabrynda Minsk şäherindäki kwartirasynda, KGB işgärleri bilen bolan atyşykda öldürildi.
Uspenskaýa şol gün tussag edildi we ilki bilen Akrestina tussaghanasynda saklandy, soňra ol Waladarka türmesine geçirildi.
Ol 2021-nji ýylyň dekabrynda, çak edilmegine görä, Minskdäki “Nawinki” toplumynda ýerleşýän psihiatrik edarada barlagdan geçirmek bahanasy bilen üç hepde saklandy. Ol KGB işgäri Dmitri Fedasýugyň öldürilmegine gatnaşmakda aýyplandy we Minsk kazyýeti tarapyndan psihiatrik hassahanada mejbury bejergi almaga höküm edildi.
"Viasna" adam hukuklary merkeziniň maglumatyna görä, Uspenskaýa Minsk şäherinde, respublikanyň ruhy saglyk ylmy we amaly merkezi diýlip atlandyrylýan edarada saklanýar. Onuň bu ýerden boşadylmagy lukmanlaryň indi bejergi zerur däl diýip hasaplamagyna we soňra bu meseläniň kanun maddalary esasynda çözülmegine bagly.
Polatskly suratkeş we ýazyjy Neli Alfýorawa 2024-nji ýylda, ýapyk kazyýet seljermesinden soň mejbury bejergi almaga çagyryldy. Ol hökümet resmisini kemsitmekde aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligin çeilmeginden we günäli tapylmazyndan öň saýlawlara synçy bolup işledi we sosial mediada wideolary ýerleşdirdi.
Natalýa Manyla tussag edilmezinden öň syýasy tussaglara kömek edendigi üçin, hamala ekstremist işlere kömekde aýyplanyp, ruhy taýdan bejergi almaly edildi.
Natalýa Mikuliç hökümet işgärini kemsitmek, jemgyýetçilik duşmançylygyna meçew bermek we töhmet atmak ýaly aýyplamalarda aýyplanyp, hamala ruhy näsag ýaly görkezilip, psihiatrik edara iberildi.
25 ýaşly Asker Alahwerdziýew 2024-nji ýylda, harby çärelere gatnaşmaga taýýarlyk görmek aýyplamalary bilen, güýçlendirilen gözegçilik astynda bejergi almaly edildi.
21 ýaşly Iwan Mikşa jemgyýetçilik binalaryndan Belarusyň döwlet baýdaklaryny aýranyndan soň, hamala ruhy hassa hasaplanyp, mejbury bejergi almaga iberildi.
Danila Žaryn Içeri işler ministrliginiň Mahilýoudaky institutyna terrorçylykly hüjüm etmekde aýyplanyp, güýçlendirilen gözegçilik astynda bejergi almaly edildi.
"Bejergi" baradaky karar kim tarapyndan çykarylýar?
Belarusda psihiatrik barlagyň geçirilmegini polisiýa işgäri, derňewçi, prokuror ýa-da kazy talap edip bilýärr. Mejbury bejergini bellemek baradaky soňky karar diňe kazyýet tarapyndan kabul edilmeli diýip, "Wiasna" adam hukuklary merkeziniň aklawçysy Swiatlana Halaunýowa aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, ýurduň awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenkony ýa-da beýleki hökümet resmilerini kemsitmekde aýyplanan adamlar köplenç psihiatrik barlaga iberilýär.
Öň Belarusda işlän we häzir Finlandiýada işleýän belarus psihiatry Sýarheý Papou lukmançylyk we hukuk ygtyýarlygynyň arasynda tapawut bolmagynyň gäty möhümdigini aýtdy.
"Lukmanlar diňe barlag geçirýärler; olar karar kabul etmeýärler. Adama näme boljakdygyny kazýyýe kesgitleýär" diýip, Papou Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Belarus kanunlary mejbury bejergi alýan adamlaryň azyndan her alty aýda bir gezek lukmançylyk barlaglaryndan geçirilmegini talap edýär. Eger lukmanlar hassanyň bejergä mätäç däldigi barada netijä gelseler, olar öz netijelerini taýýarlap, ony kazyýete berýärler.
Emma Papou bu prosesiň açyk-aýdyňlykdan daşdygyny we lukmanlar indi bejergi zerur däl diýen netijä gelseler-de, howpsuzlyk gulluklarynyň olaryň gelen kararlaryna täsir edip biljekdigini aýtdy.
"Türme ýaly ýa-da has beter"
Öňki syýasy tussag Palina Şarenda-Panasýuk Belarus türmelerinde jeza çeken döwründe birnäçe gezek psihiatrik barlagdan geçirildi.
Onuň özi mejbury bejergi almaly edilmedi, ýöne Minskdäki Nawinki psihiatrik kompleksine barlagdan geçmek üçin iberildi.
Ol ellerine gandal salnan tussaglaryň tussaghanalardan daşy beton diwarlar we tikenli simler bilen gurşalan berk goragly jaýa geçirilişini suratlandyrdy.
"Şertler türmedäki ýaly ýa-da, belki, ondan hem beter" diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Ol özüne uly bolýan eşikleriň berlendigini we ellerini arkasynda tutup ýöremeginiň talap edilendigini aýtdy. Barlag binasyndaky otaglarda dört sany demir ýatak we düşek bardy, mebeller bolsa ýere berkidildi. Hajathanalara günde diňe dört gezek, duşlara, ýuwunmaga bolsa hepdede bir gezek rugsat berilýärdi.
"Men psihiatrlar bilen gürleşmekden üzül-kesil ýüz öwürdim. Men olara munuň jeza beriji psihiatriýa bolýandygyny aýtdym" diýip, Şarenda-Panasýuk gürrüň berdi.
Zawadski syýasy tussaglary mejbury psihiatrik bejergä ibermek başlangyjynyň lukmançylyk işgärlerinden däl-de, hukuk goraýjy edaralardan uç alýandygyny aýtdy.
"Olary bejergi üçin ibermek medisina başlangyjy däl, forma geýen adamlaryň: polisiýa işgärleriniň, derňewçileriň, prokurorlaryň, KGB işgärleriniň başlangyjy" diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Zawadski mejbury psihiatrik bejergi almaly edilen adamlaryň adaty tussaglar ýaly, beýleki bendiler bilen birmeňzeş şertlerde boşadylyp bilinmejekdigini, kanunyň tussaglara niýetlenen mehanizmlerinden peýdalanmak hukugynyň ýokdugyny aýtdy.
"Adaty tussaglar ir ýa-da giç, jezalaryny çekenlerinden soň, amnistiýa ýa-da günä geçiş arkaly boşadylýarlar" diýip, ol sözümi dowam etdirdi. "Emma sen bejergi alýan adamy nädip bejergi almakdan boşadyp bilersiň? Munuň hiç bir çäresi ýok."
Forum