Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Aşgabat-Pekin hyzmatdaşlygynyň “maksadaokgunly ösdürilýändigini” aýtdy


Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň başlygy Si Szinpin bilen duşuşyp, Aşgabadyň Pekin bilen aradaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Öňki prezidentiň tassyklamagyna görä, bu iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ähli ugur boýunça “yzygiderli, gyşarnyksyz we maksadaokgunly ösdürilýär”.

“Biz ...hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy... Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistan ýylda Hytaýa milliardlarça dollara durýan tebigy gaz iberýär we ondan gelýän girdejiler barada öz ilatyna açyk we anyk maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG