Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bazar güni Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine iş saparyna bardy.
Türkmen metbugaty onuň Sankt-Peterburg şäherindäki “Pulkowo” howa menziline Russiýa Ferderasiýasynyň resmi wekilleri tarapyndan garşy alnandygyny habar berýär.
GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitleri 2018-nji ýyldan bäri Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär.