Türkmenistanyň ozalky prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Bedimuhamedow russiýaly kosmonawt, şeýle-de “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ada eýe Oleg Kononenkony kosmosda bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagy bilen gutlady. Berdimuhamedowyň bu baradaky haty 5-nji fewralda çap boldy.
1964-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Çärjew oblastynda dünýä inen Kononenkonyň äleme eden 5 missiýasynyň dowamynda, agramsyz giňişlikde geçiren wagty jemi 1 müň 110 güne barabar bolar. Onuň häzirki ekspedisiýasy 23-nji sentýabrda tamamlanmaly.
Munuň bilen bagly ozalky rekord rus kosmonawty Gennadiý Padalka degişlidi. Ol äleme eden bäş missiýasynyň dowamynda kosmosda umumy hasapda 878 gün bolupdy.
Türkmen häkimiýetleri belli rus kosmonawty Kononenkony propoganda maksatlarynda ýygy-ýygydan ulanýarlar.
2019-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasynda, şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” atly kitabyny we türkmen baýdagyny göterip düşen suratyny görkezdi. Bu fotosuratyň ýasalan bolmak ähtimallygyny görkezýän alamatlar daşary ýurtly synçylarda şübhe döretdi.