Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Sankt-Peterburgda GDA duşuşygyna gatnaşdy


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji dekabrda Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty habar berdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň, Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etjek döwründe, 1-nji ýanwardan başlap, Arkalaşykda başlyklyk wezipesini ýerine ýetirjek türkmen kärdeşlerine zerur goldawy bermäge taýýardygyny aýtdy.

GDA döwletleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geljekki ädimleri kesgitlediler diýip, metbugat habarlarynda aýdylýar.

Duşuşyga Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew dagy gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG